MAKALA

«Şanly bolsun garşy alýan ýylymyz»

Sanlyja gün mundan öň, şeýle at bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda täze hepdelik geçirildi. Adyndan belli bolşy ýaly, çäre Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlandy. Hepdeligiň barşynda ýatdan çykmajak wakalaryň ençemesiniň şaýady bolduk. Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýaş esgerleriň nobatdaky tapgyry Serhet goşunlarynyň düzümine kabul edildi. Ýaş esgerler dabaraly ýagdaýda garşy alnyp, hepdäniň dowamynda olar bilen degişli çäreler gurmaçylykly ýagdaýda geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleriň, taryhy wakalaryň jemi boýunça geçirilen okuw sapaklary, wagyz-nesihat işleri hepdeligiň has-da täsirini artdyrdy. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň durmuşynda ýylyň dowamynda bolup geçen wakalar boýunça ähli harby bölümlerde guralan wagyz-nesihat işleri hem şol wakalaryň dowamy boldy. Hepdeligiň dowamynda Täze ýyl baýramçylygy bilen baglanyşykly hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşiklere köpçülikleýin tomaşa edilmegi we diňlenilmegi gazanyldy. Bu bolsa serhetçileriň kalbyny heýjana getirip, baýramçylyk ruhuny göterdi. Serhetçi harby gullukçylaryň, hususan-da, esgerleriň watançylyk duýgy-düşünjelerini ösdürmekde bolsa watançylyk, harby-gahrymançylyk, millilik temalary boýunça geçirilen çeper okaýyş, sowal-jogap, çekişme agşamlarynyň gymmaty diýseň uly boldy.

Umuman, «Şanly bolsun garşy alýan ýylymyz» atly hepdelik serhetçileriň aňyna ýatdan çykmajak gyzykly wakalary bilen ebedilik ornaşdy. Şol netijäni gazanmak bolsa Gullugymyzyň baş maksady. Goý, dünýämiz abat, ýurdumyz abadan, serhedimiz elmydama asuda bolsun!

 

Ýaran Akmämmedow.

  • 56
  • 05.01.2021