MAKALA

Soltan Sanjar: Beýik Seljuklar Döwleti

1096-njy ýylda soltan Berkýaryk özüniň öweý dogany Sanjar mäligi Arslan Argunyň garşysyna, Horasana ýörişe ugradypdyr. Sanjaryň ejesi XII asyryň şahyry Mu’izziniň eserleriniň birinde ol Täj ed-Din Hatyn atlandyrylýar. Ýöne ol diňe şahyr tarapyndan ýatlanylyp, orta asyr çeşmelerinde geljekki soltanyň ady geçmeýär. Berkýaryk Sanjary şindi 11 ýaşyndaka Horasanyň welisi edip belleýär. Onuň weziri hökmünde Abul Fath et-Tugraýy tassyklanyp, atabegi bolsa emir Gumaç bolupdyr.

Sanjar mäligiň Horasanyň hökümdary edilip bellenmegi, ülkede hutbanyň okalmagy we ýokary häkimýetiň beýleki atributlarynyň girizilmegi Demirgazyk-Gündogar Eýranda we Orta Aziýada doly seljuklaryň doly gözegçiligini aňlatmaýardy. Sebitde ýagdaý durnuksyzdy we begzada-separatçy meýilleriň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýärdi. Şu wagt-da Amyderýanyň aşaklaryndaky baý, ekerançylyk oazisi Horezmde ýagdaý çylşyrymlaşdy. Bu ýerde Gudan we Ýarykdaşyň baştutanlygynda soltan Berkýaryga garşy gozgalaň turuzyldy. Soltan gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin Dädbek Habaşy ugratdy. Ol gozgalaňyň hötdesinden geldi.

Şondan soň Berkýaryk Horezme täze hökümdary-seljuklaryň tabynlygyndaky Anuşteginiň ogly Kutb ed-Din Muhammedi belledi. Şunuň bilen baglylykda, 1097-nji ýyldan Horezmiň iň soňky soltanlary Anuşteginleriň häkimligi başlandy hem-de 1237-nji ýylda Jelaleddin Meňburnynyň wepat bolmagy bilen tamamlandy. Kutb ed-Din soňlugynda Sanjar häkimýet başyna geleninden soň, 1118-nji ýylda täzeden tassyklandy.

Dädbek Habaşyň Horasanda separatistik hereketi basyp ýatyrmagy, onuň golunda tutuş Horasanyň jemlenmegine getirdi. Ol 1100-njy ýylda iki öweý dogan Berkýaryk we Muhammet Taparyň arasyndaky häkimýet ugrundaky göreşe hem gatnaşdy. Berkýaryk öz garşydaşy tarapyndan çym-pytrak edilenden soň, Dädbek Habaşa ýörite nama ugradyp, kömek sorady. Wakalaryň şeýle bolmagy Horasany zor bilen eýeläne täze geljekki öwürlişiklere ýol açdy. Ýöne onuň garşysyna Balhda bolýan mälik Sanjar öz goşunyny sürdi. Dädbek Habaş bolsa pursatdan peýdalanyp, ysmaýilitlerden toplanan 15 000 atly, 5000 pyýada goşuna baş bolup, Berkýaryk bilen birleşmäge ugrady. Ysmaýilitler şaýylaryň aýrylan dini toparlanyşygy bolup, onuň türkmen halkynyň orta asyrlardaky taryhy öwrenilmän gelinýär.

Şunlukda garşydaşlaryň arasyndaky aýgytly söweş Nuşjan obasynda bolup geçýär. Sanjaryň ýygynyň çep ganatyna Boz Guş, sagyna Gund Oguz we merkezine bolsa emir Rüstem baştutanlyk edipdir. Netijede, soltanyň goşuny ýeňlişe sezewar edilip, Dadbek Habaş ýesir düşüpdir, Berkýaryk bolsa Gürgene, ondan bolsa Damgana gaçmaga mejbur bolupdyr. Nuşjandaky ýeňiş Sanjara onuň Horasanda ýeke-täk hökümdar bolmagyna getirýär. Sanjara özüniň häkimiýetini Demirgazyk Eýranyň giň territoriýasyny we Orta Aziýanyň günbatar welaýatlaryny berkleşdirmek miýesser bolupdyr.

1102-nji ýylda Sanjaryň garşysyna garahanyly hökümdar Kadyr han Jebraýyl çykypdyr. Ol Sanjaryň Bagdada gitmeginden peýdalanyp, öz uly goşuny bilen Horasana çozup giripdir. Emma Sanjar Yrakdan dolanyp gelip, Kadyr hanyň goşunyny dargadypdyr, ýörite ugradylan topar bolsa ony awa-şikara çykan wagtynda tutup getirip jezalandyrypdyr. Sanjar Merwdäki öz ýegeni, Garahanyly Arslan han ibn Süleýmany Balha çagyryp Samarkanda hökümdar belläpdir.

1104-nji ýylda baglaşylan şertnama laýyklykda, Sanjaryň adyna hutba Horasanda, Gürgenje we Maweannahrda okadylypdyr. Horezm hem şol wagtlar täze dörän Gündogar-Seljuk soltanlygyna garaşly bolupdyr. 1117-nji ýylda Sanjara Gaznaň hökümdarlaryny boýun egdirmek hem-de tabynlyk salgydyny töletmeklik başardypdyr. Sanjar Gaznalylaryň soltany Arslan şanyň we onuň dogany mälik Bähram şanyň arasyndaky içki uruşlardan peýdalanypdyr. Bähram şa Horasana gaçypdyr we Sanjaryň goşunynyň kömegi bilen häzirki Kabulyň çäklerine çozup giripdir. Şol ýylyň fewral aýynda Şahabar çölünde Arslan şanyň goşuny Sanjar tarapyndan çym-pytrak edilipdir. Sanjar we Bähram şa Gazna şäherine giripdirler hem-de uly oljany (parçalar, altyn, gymmatbaha daşlar, müşk-anbarlar, piller, gylýallar, düýeler, gatyrlar) alypdyrlar. Bagdatda soltan Muhammet Taparyň, Sanjaryň we Bährem şanyň atlaryna hutba okalypdyr. Seljuklara taryhda ilkinji gezek Gaznalylar döwletine öz sýuzereniteti ýaýratmaklyk miýesser edipdir.

1118-nji ýylda seljuklaryň beýik soltany Kyýas ed-Din Muhammet tapar aradan çykdy. Onuň mirasdarlygyna Mogys ed-Din Mahmyt saýlandy. Yrak soltanlygynyň täze hökümdary Sanjardan her ýylky salgydy hem-de ol tarapyndan eýelenen Mazenderany azat etmekligi talap etdi. Sanjar bolsa özüne ugradylan nama jogap hökmünde goşunlaryny Reýe sürdi. Emma harby piller bilen berkidilen türkmenleriň goşuny özüniň azlygyna garamazdan, Sawe diýen ýerde ýeňiş gazandylar. Söweşden ikitaraplaýyn gepleşikler başlandy hem-de parahatçylykly şertnama baglaşyldy. Netijede, Mogys ed-Din Yrak seljuklar döwletiniň hökümdary bolup galmak bilen Mahmyt Sanjary ýokary hökümdar hökmünde ykrar etdi. 1120-nji ýylda täze Bagdat halyfy el-Mustarşit (1118-1135 dol.ýyl.) şertnamany tassyklady hem-de şol wagta çenli emele gelen iki-Yrak we Horasan soltanlyklaryny kanuny taýdan berkitdi. Orta asyryň gündogar taryhçylary Mu’izz ed-Din Abul Harys Sanjaryň adyna hutbanyň Kaşgardan we Mawerannahrdan Ýemene, Anadolydan Kawkaza, Mekgä, Omana we Mekrana çenli okalandygyny tassyklaýarlar. Soltan Sanjar oguzlaryň köne şöhratyny galdyrmak üçin, oguzlaryň goşuny iki ganata bölmekligiň däbini girizýär. Çep ganata gaýy we baýat, sag ganata baýandyr we peçeneg (itbeçene) kabylalary baştutanlyk edipdirler.

1132-nji ýylda ol Garahanyly, 1136-njy ýylda bolsa Gaznaly hökümdarlary doly boýun egdiripdir. 1140-njy ýylda Seljuklar imperiýasyna ýene-de Azerbeýjan, Persiýa, Tabarystan, Yrak, Seýistan, Kerman, Owganystan, Kaşgar we Mawerannahr goşulypdyr. Döwletiň esasy Horasan hasaplanyp, merkezi Merw şäheri bolupdyr. Haçan-da soltan Gündogarda ýörüş wagtynda bolanda, Wizantiýa imperatory pursatdan peýdalanyp Anadola çozupdyr, örän köp ýesirleri alypdyr. Soltan bolsa imperatora örän gazaply nama ýollapdyr: «Eger-de, sen hemme ýesir musulmanlary derrew göýbermeseň, onda ýurtlaryň we halklaryň hemme güýji Wizantiýa çozup girer. Bu ýörişde biz hiç kimi ýesir almarys!». Imperator gorkusyna ýesir düşenleri öz raýatlaryna çalşypdyr hem-de soltanyň ilçilerini iki döwletiň arasynda mundan beýläk parahatçylygyň boljakdygyna kepil geçipdir. Görnüşi ýaly, soltan meseläni gyljyň zory bilen çözmän, diplomatiýadan hem baş çykarypdyr.

1141-nji ýylda seljuklaryň mülklerine Gündogar Türkistandan garahytaýly (kidanlar) çarwalar çozupdyr. Olaryň gur hany Ýel Daş öz goşunynya köp türki kabylalary, şol sanda 50000 garlyklary birleşdiripdir hem-de Maweannahryň ýerlerine sürüpdir. Şol ýylyň 9-njy sentýabrynda uly söweş bolup, Sanjar ýeňlişe sezewar bolupdyr. Bu imperiýanyň köp begzadalaryna we emirlerine ilkinji yşarat bolupdyr. Sanjar olaryň hukuklaryny we ýeňilliklerini giňeldendigine garamazdan, begzadalar aýratyn welaýatlaryň bölünip aýrylmagynyň we tozmagynyň öňüni alyp bilmändirler. Separatçylar özbaşdaklyk almak maksady bilen topalaňlaryň birnäçesini gurnapdyrlar. 1144-nji ýylda Sanjar käbir oguz kabylalaryna imperiýanyň iň gowy oazislerinden mülkleri beripdir. Bu köphudaýly oguzlar ozal Syrderýada ýaşapdyrlar, olaryň ata-babalary bolsa Seljuklar imperiýasynyň esasyny goýmakda janlaryny gaýgyrmandylar.

Emma 1153-nji ýylda mülkdar oguzlar soltan Sanjaryň garşysyna baş göteripdirler. Bu häzirkizaman adalgasynda aýdanyňda ýurduň içinde tutluşan raýatlyk urşydy. Sanjar iki gezek oguz kabylalaryndan ýeňlipdir, şol ýylyň tomsunda bolsa olar soltanyň özüni ýesir alypdyrlar. Oguzlar Sanjary Balhda saklapdyrlar, soltana muwapyk hemme hormaty goýupdyrlar, hat-da «hökümdar» diýip ýüzlenipdirler, ýöne azatlyga göýbermändirler. Sanjar döwletiň dereginiň dargap barýandygyny öz gözleri bilen görüpdir. Şäherler, obalar tozdurylypdyr, köşk-saraýlar weýran edilipdir. Haçan-da, soltana ýesirlikden gaçyp, Merwe gelmek miýesser edeninde, ol eýýäm döwletiň ýokdugyny öz gözleri bilen görüpdir hem-de 1157-nji ýylda aradan çykypdyr.

Musulman dünýäsinde Sanjar keramatly keşplileriň hataryna girýär. Onuň ýaşan wagtynda Merw imperiýanyň paýtagty bolupdyr. Merwde Gündogarda şol asyryň iň uly kitaphanasy ýerleşipdir. Sanjaryň wagtynda Merwli meşhur taryhçy we geograf Ebu Seýid as-Samany (1113-1167 ýý.) ýaşapdyr. Soltan obserwatoriýasynda münejjim bolup beýik şahyr Omar Haýýam işläpdir. Köşkde şol wagtyň meşhur şahyrlary we alymlary-Hasan Gaznaly, Abd el-Wasy, Emir Mu’izzi, Aly Auhaddin Enweri, Muntajab ed-Din el-Bedi we başgalar ýaşapdyrlar we döredipdirler.

Soltan Sanjar ýokary çeperçilikli binagärlik desgalaryna üns beripdir. XII asyryň kyrkynjy ýyllarynda ol orta asyr Merwiň iň ajaýyp desgalarynyň biri-kümmetiň gurluşygyna başlapdyr. Soňlugynda ol kümmetde soltanyň özi jaýlanypdyr we biziň günlerimizde «Soltan Sanjaryň kümmeti» ady bilen bellidir.

Sözümizi jemlemezden bellenmeli delil, soltanyň keşbi dürli ýyllarda ylmy, publisistik we çeper eserlerde janlandyryldy. Mundan başga-da, biziň günlerimizde ol barada çeper film hem goýuldy. Köp halatlarda soltanyň çeper sýužete salynmagy gowulygyň alamaty. Emma, onda taryhy delilleriň gödek ýoýulmagy welin dowam etdirilýär we ol mesele aýratyn derňewlere mynasypdyr.

 

Bäşim Annagurbanow,

arheolog.

  • 50
  • 05.01.2021