MAKALA

Beýik mugallym

Aristotel beýik akyldar, gadymy grek filosofy we alym ensiklopedist, lukman Nikomakyň maşgalasynda Stagir şäherinde dünýä inýär. Şol sebäpli oňa «Aristotel stagirli» diýip at beripdirler. Greklerde lukmançylyk kärine uly hormat goýýan ekenler. Mundan başga-da, gadymy grek ynançlaryna görä, ähli lukmanlar Apollonyň ogly lukmançylygyň hudaýy Asklepiýden gelýär diýip hasaplanýar. Başgaça aýdylanda, Gresiýada lukman bolmak jemgyýetde abraýly orun tutmak diýip hasap edilýär. Şol sebäpli Aristoteliň kakasy, Isgender Zülkarneýniň atasy Makedon patyşasy Aminta III köşgüne lukmançylyga çagyrylýar. Şonuň üçin Nikomah üç çagasy we aýaly bilen Egi şäherine, soňra bolsa, Makedoniýanyň paýtagty bolan Pellu şäherine göçüp gelýär. Rowaýatlara görä, Aristotel kiçi gözli, daş keşbi göze ilmeýän, ýöne gymmat bahaly ýüzükleri dakynmagy halaýan adam eken. Lukmanlaryň maşgalasynda terbiýelenendigi üçin Aristoteliň özi hem lukmançylyk bilen gyzyklanýar. Ol 17 ýaşynda Afiny şäherine gelýär, şol döwrüň alym-pelsepeçisi Platonyň akademiýasyna okuwa girýär. Akademiýada görnükli alym filosoflardan sapak alýar. Aristotel ritorika, edebiýat, filosofiýa bilen içgin meşgullanypdyr. Afinyda 20 ýyl töweregi bolup, mugallymy Platonyň ýogalmagy bilen öz ýurduny taşlap, Kiçi Aziýa göçýär. Ol köp jahankeşdelik edýär we 2 ýyllap Lesbos adasynyň Mitilen şäherinde nazary okuwlary alyp barýar.

B.e. öňki 343-nji ýylda Makedon patyşasy Filipp II Aristotele 13 ýaşly Aleksandr Makedonliniň mugallymy bolmagyny haýyş edýär. Ýaş Aleksandr höwesjeň okuwçy bolup, öz mugallymyndan edebiýaty, lukmançylygy, filosofiýa ylymlaryny öwrenýär we hemmetaraplaýyn bilimli, akylly adam bolup ýetişýär. Ýöne b.e.öňki 336-njy ýylda onuň kakasy öldürilen soň, tagta Aleksandr geçýär. Şol sebäpli Aristotel öz ýurduna gaýdýar we Likeý şäherinde okuw jaýynyň düýbüni tutýar. Bu ýerde okuw gezelenç döwri bolup geçýärdi, şol döwürler pelsepeçi alymlaryň gezelenç edip okaýan ýerlerine «peripat» diýip atlandyrýardylar. Şondan soňra «peripat» sözi mekdep söze utgaşdyrylýar. Aristotel öz okuw jaýynda ertirden agşama çenli zähmet çekýär eken. Ilki bilen ol filosofiýanyň çylşyrymly taraplary bilen gyzyklanýanlar üçin, soňra bolsa durmuş ýagdaýyny öwrenmek üçin diňleýjiler bilen okuw geçýän eken. Aleksandr Makedonliniň ölüminden soňra Aristoteliň ýagdaýy agyrlaşýar. Ol makedoniýalylaryň ynamyndan gaçýar. Şol sebäpli Ewbeýe adasyna gitmeli bolýar. Gadymy ýazgylara esaslansak, ol ýerde-de zäherli ösümlik iýeni üçin ysmaz keseline duçar bolup dünýäden ötýär.

Beýik mugallymyň esasy işleri: «Metafizika», «Fizika», «Asman hakynda», «Döreýiş we ýok bolmak», «Organon», «Derejeler», «Ilkinji analitika», «Topika», «Nikomahyň etikasy», «Ewdemiň etikasy», «Ritorika», «Poetika», «Politika», «Afin politiýasy», «Mateorologika», «Haýwanlaryň gurluşy», «Haýwanlaryň gelip çykyşy», «Haýwanlaryň taryhy».

B.e. öňki IV asyrda ýaşan alym Aristotel özüniň bilim derejesiniň giňligi bilen tapawutlanypdyr. Ol her bir ylmy aýratyn ulgama birikdirip: «botanika — ösümlik», «fizika — tebigat», «syýasata — döwlet» diýen ylmy at beripdir. Aristotel b.e. öňki IV asyryň öňdebaryjy beýleki alymlary ýaly, Ýeriň şar görnüşinde bolup, dünýäniň merkezinde ýerleşýär, Gün hem-de ýyldyzlar bolsa Ýeriň daşyndan aýlanýar diýip düşünipdir. Onuň pikiriçe, tebigatdaky ähli zatlaryň ösüşi olaryň ilkibaşdaky mümkinçiliklerini ýa-da maksatlaryny hasyl etmäge gönükdirilendir. Tebigatyň önümi bolan adamyň ösüşiniň soňky maksady-da rahat ýaşaýşa ýetmekdir. Aristotel «tebigy» we «syýasy» diýen düşünjeleri jemgyýetçilik gatnaşyklarynda biri-birine gabat getirýär. Onuň tassyklamagyna görä, adam «syýasy jandardyr». Alymyň işläp düzen usullarynyň biri-de döwlet edarasyny köp sanly böleklere bölmek we olary bölekleýin öwrenmek usulydyr. Aristotel bu usuly biologiýadan kabul edip alypdyr.

 

Meret Meredow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dosenti,

fizika-matematika ylymlarynyň doktory.

  • 39
  • 07.01.2021