MAKALA

Senden öýkeli

Garaşdyryp geler ýerde gelmediň,

Sabrym öýkeledi senden.

Ne etjekdiň öz bolşuňy geňledip,

Göwnüm öýkeledi senden.

 

Arzuw etdim didaryňy görmegi,

Söýgi hakda süýji söhbet gurmagy,

Duşuşan wagtymyz okap bermeli,

Şygrym öýkeledi senden.

 

Dabaraly toýlara kän giderdiň,

Joralaryň bilen tansam ederdiň,

Nije oý-hyýaly serden gidirdim,

Pikrim öýkeledi senden.

 

Oýlanmadyň beren wadalaň hakda,

Durmak gaty kyn düşdi dik aýakda,

Öýkeniňden geçip barýan sowukda,

Bagrym öýkeledi senden.

 

Aý ýaşdy, ýyldyzlar boldular jürüm,

Geçirdim gijäni etmezden çirim,

Wah, men saňa aldanaýan ekenim,

Ömrüm öýkeldi senden.

 

Myratgeldi Hallyýew.

  • 34
  • 07.01.2021