MAKALA

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly täze hepdelik yglan edildi

Zemine Täze ýylyň gelmegi bilen, türkmen halky ony ýagşa ýanap, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygar bilen garşy aldy. Serhetçiler hem halkymyzyň asylly däbine eýerip, Täze 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde birinji hepdeligi şol at bilen baglanyşdyrdy. Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan hepdelik şu günler ýokary depginde dowam etdirilýär. Gyş günleriniň dowam edýändigine, serhetçileriň sowuk howa şertlerinde gulluk borçlaryny berjaý edýändiklerine garamazdan, Gullugymyzyň ähli harby bölümlerinde hepdelik meýilnamada görkezilen çäreler, berlen görkezmeler, tabşyryklar, buýruklar öz wagtynda birkemsiz ýerine ýertirilýär. Harby gullukçylar syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti bolan maglumatlar, ýurdumyzdaky we dünýädäki habarlar, täzelikler bilen wagtly-wagtynda gündelik tanyşdyrylýar. Gullugymyzyň Okuw merkezlerinde tälim alýan ýaş esgerleriň ahlak-ruhy ýagdaýlaryny öwrenmek, wagyz-nesihat işlerini geçmek maksady bilen, dolandyryşyň serkerdeleri tarapyndan ýörite işler geçirilýär. Şonuň ýaly-da, ähli harby bölümleriň şahsy düzüminiň arasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň many-mazmuny bilen baglanyşykly, howanyň aýazly günleriniň dowam etmegi bilen baglanyşykly, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk kadalary barada, ýiti öýken sowuklama we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de beýleki möhüm wakalar, hadysalar, ýagdaýlar boýunça okuw sapaklar, wagyz-nesihat çäreler hem-de degişli beýleki çäreler guralýar. Harby gullukçylaryň, esasan hem, esgerleriň ahlak-ruhy ýagdaýy nazarda tutulyp, Gullugymyzyň degişli gulluklary tarapyndan hem terbiýeleýjilik, hem döredijilik häsiýetli agşamlar (çeper okaýyş, çekişme, terbiýeçilik, sowal-jogap, tanyşlyk) geçirilýär, olaryň köpçülikleýin watançylyk temasyndan söz açýan, öwüt-ündew häsiýetli teleradio gepleşiklerine, kino filmlere dowamly tomaşa etmeklerine, diňlemeklerine aýratyn ähmiýet berilýär. Galyberse-de, şu günler ýörite toparlar gurnalyp, inžener-işçi toparlarynda we oba hojalyk bölümçelerinde iş geçirýän harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen içgin gyzyklanylýar, olaryň her biri bilen aýratynlykda we köpçülikleýin söhbetdeşlikler geçirilýär.

Netijede, ýatdagalyjy wakalar baý bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly hepdelik özboluşly gyzygy bilen serhetçileriň taryh kitabynda ebedilik galar diýip tama edýäris.

 

Döwran Babaýew.

  • 44
  • 07.01.2021