MAKALA

Parfiýanyň saz gurallary

Adamzat döräli bäri ýer ýüzünde dürli halk ýaşap geçipdir. Olar taryhyň dowamynda öçmejek yz goýup, dünýä siwilizasiýasynda mynasyp orun eýeläp gelipdir. Türkmen halky hem dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir. Häzirki wagtda hem türkmen döwletiniň bütin dünýäde eýeleýän orny, abraýy diňe bir onuň ykdysady serişdeleri bilen däl, eýsem türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gymmatlyklary, onuň ruhy-medeni mümkinçilikleri bilen kesgitlenilýär. Ata Watanymyz milli medeniýetimiziň baý taryhy däpleriniň aýawly saklanylýan, döwrebap röwüş bilen kämilleşdirilýän ýurdudyr.

Taryha ser salsaň, Türkmenistanyň asyrlaryň dowamynda toplanan baý taryhy-medeni kuwwaty onuň dünýäniň medeni giňişliginde eýeleýän belent mertebesini kesgitleýändigini görmek bolýar.

Parfiýa şalygy öz döwrüniň iri döwletleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, ösen medeniýetli, sungatly döwlet hökmünde ykrar edilipdir. Biziň eýýamymyzyň I asyrynda ýaşap geçen Strabonyň belläp geçişi ýaly «Häzirki wagtda parfiýanlylar şeýle bir köp taýpalary eýeleýärler, ýagny, beýik hökümdarlygy boýunça olar käbir derejede rimlileriň bäsdeşi» bolupdyr. Bu patyşalygyň köşkleriniň harabalaryndan tapylan, ýüzüne hudaýlaryň, hyýaly jandarlaryň, saz gurallaryň köp sanly şekiljikleri ýerleşdirilen ritonlar onuň gadymy asyrlarda baý maddy-ruhy medeniýeti bolandygyny subut edýär.

Dünýäniň sazçylyk ylmynda Parfiýa döwletiniň ösen saz medeniýeti aýratyn orun tutýar. Munda iki akym mese-mälim göze ilýär. Olaryň birinjisi — ýerli medeniýet bolsa, ikinjisi ellinistik (grek-rim) medeniýetiniň täsiri bolupdyr. Şol döwrüň ösen saz sungatynyň bolandygyny daşynda halkyň milli saz däpleri şekillendirilen, piliň süňkünden ýasalan gaplaryň tapylmagyndan görmek bolýar.

Nusaý ritonlarydyr dürli saz gurallarynda saz çalyp oturan sazandalar şekillendirilipdir. Bu ýerde kirişli, üflenip çalynýan, kakylyp çalynýan saz gurallaryny görmek bolýar. Gündogaryň gadymy siwilizasiýalarynyň iň esasy saz gurallarynyň biri bolan kifara parfiýa şalygynyň kümüş teňňelerinde şekillendirilen bolsa, ud saz guralyny ritonlaryň ýüzünde görmek bolýar. Gadymy döwre degişli bolan heýkeljiklerde häzirki doýra meňzeş depregi görmek bolýar. Aýratyn bellemeli zat, deprekçileriň ellerinde depregiň saklanylyşy hemme şekillerde-de meňzeş bolupdyr.

Umuman, tebigaty boýunça şahyrana, şahandaz halk bolan türkmen ili hiç döwürde aýdym-sazsyz ýaşamandyr. Aýdym-saz türkmeniň baky hemrasy bolupdyr. Häzirki wagtda medeniýet taryhy tejribäni, milli mirasy, jemgyýetiň häzirkizaman ösüşini özünde jemleýän döwlet durmuşynyň güýçli, depginli ösýän ulgamyna öwrülýär. Sebäbi mähriban Arkadagymyz milli ruhly medeniýetiň ýurtda amala aşyrylýan maksatnamalaryň aýrylmaz bir bölegi bolmagy ugrunda yzygiderli aladalanýar.

 

Leýli Sapargeldi gyzy.

  • 34
  • 07.01.2021