MAKALA

Iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usullary

Ýurdumyzyň dil syýasatynda ýaş nesliň dünýä dillerini bilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda çagalarymyz mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy orta bilim berýän mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ene dilimiz bilen bir hatarda ondan gowrak daşary ýurt dilini öwrenýärler. Agzalan bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw otaglary dilleri öwrenmek üçin häzirki zaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Mekdeplerimiz hem öz gezeginde daşary ýurt dilleri boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün edilen. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» bolsa bu babatda ýurdumyzyň bilim edaralary hem-de işgärleri üçin esasy ýörelge bolup hyzmat edýär.

Biz şu makalamyzda ýörgünli daşary ýurt dili bolan iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary barada söz açmak isleýäris. Hormatly kärdeşlerimiz häzirki wagtda bu dili okatmakda netijeli hasap edilýän usulyň kommunikatiw, interaktiw (özara işjeňlik) usuldygyny hem oňat bilýändirler. Muňa garamazdan, biz kärdeşlerimize işiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, käbir usuly maslahatlary bermegi makul bildik.

Ylym-bilimde usulyýet, aslynda, döwrüň talaplaryna baglylykda peýda bolýar. Daşary ýurt dilleri okadylanda, kommunikatiw usuly ulanmak okuw işinde dil öwrenmegiň dört sany (diňleme, sözleýiş, okuw hem-de ýazuw) endigini amal etmek bilen gönüden-göni baglydyr. Daşary ýurt dillerini okatmagyň adaty, däp bolan «grammatiki-terjime» usulynda, esasan, okuwçynyň diliň gurluşyny hem-de terjime arkaly okalan tekstiň manysyna düşünmegini gazanmak okuw işiniň esasy maksady bolup durýardy. Daşary ýurt dilinde gürlemegi hem-de ýazmagy öwretmek bolsa köplenç ünsden düşürilýärdi.

Kommunikatiw usulda grammatika öwredilende, nusgalyk grammatiki birlikleri hem-de jümleleri ýörite gönükmeler arkaly gaýtalap, amaly ulanyp görkezmek hem-de öwretmek maslahat berilýär. Şeýle edilende, okuwçy özüniň agyr grammatiki materialy öwrenýändigini hem duýmaýar. Grammatiki düşünjeleri, kada-kanunlary uzak wagtlap düşündirmek bolsa, okuwçynyň kommunikasiýa endikleriniň ösmegine päsgel berýär.

Çaga öz ene dilinde hem kommunikatiw endikleri öwrenmegi, mälim bolşy ýaly, ilki bilen diňleme endiginden başlaýar. Heniz «dil bitmedik» çaga hem diňläp, ene-atanyň ýa-da beýleki adamlaryň diýýän zatlaryna düşünip bilýändir. Ine, şonuň üçin hem kommunikatiw usulda daşary ýurt dilini öwretmek diňleme (listening) endigini özleşdirmekden başlanýar. Usulyýetçi alymlar diňleme endigini ösdürmäge başda uzagrak wagt sarp etmegi, köpräk diňleme gönükmeleri bermegiň gerekdigini hem nygtaýarlar. Olaryň pikirine görä, şeýdilende, sözleýiş endigini öwretmek has ýeňil düşýär. Şeýlelikde, kommunikatiw usulda dilden aýdylýan zada diňläp düşünmegi başarmagy öwretmek örän wajypdyr.

Daşary ýurt dilini öwretmegiň ikinji endigi hem edil çaganyň ene dilini öwrenişi ýaly, sözleýiş (speaking) endigidir. Kommunikatiw usulda bu endigi öwretmäge hem uly ähmiýet berilýär. Sözleýiş dil endikleriniň esasysy diýsek hem ýalňyş bolmaz. Şol sebäpli hem sözleýşi ösdürmäge kommunikatiw usulda gaty inçeden çemeleşilýär. Bu meselede okatmagyň esasy ýörelgesi berjaý edilip, sözleýşi öwretmek ýönekeýje jümlelerden başlanýar hem-de çaganyň ösüşine we ýaş aýratynlygyna baglylykda çylşyrymlaşyp gidýär. Şeýlelikde, sözleýiş bilen bagly okuw işleri meýilnamalaşdyrylyp, alňasaman geçirilse, oňat bolýar. Sözleýşi öwretmekde köp gezek gaýtalanýan türgenleýiş gönükmeler kommunikatiw usulda işiň saldamly bölegini düzýär.

Indiki öwredilmeli dil endigi okuw (reading) endigidir. Kommunikatiw usulda bu endigi öwretmäge hem täzeçe çemeleşilýär. Adaty usullarda harplaryň okalyşyny öwretmek okuw endigini ösdürmegiň özeni hasaplanýar. Kommunikatiw usulda bolsa harp okamaga ullakan bir ähmiýet berilmeýär. Hakykatdan-da, okuw endiklerini harp okamak arkaly öwretmäge hem-de ösdürmäge çalyşmak, aslynda, ýeňil iş däl. Bu diňe iňlis dili daşary ýurt dili hökmünde öwredilende ulanylýan tär.

Kommunikatiw usulda bolsa okamagy öwretmek harplap okamaga esaslanmaýar. Iňlis dilinde sözüň aýdylyşy onuň ýazylyşy bilen doly gabat gelmeýär. Şonuň üçin hem kommunikatiw usulyýetde okamagy öwretmek çaganyň psihikasyna, ýadyna daýanýar. Söz çaganyň ýadyna bölekleýin däl-de tutuşlygyna bitewi bir birlik hökmünde girizilýär. Mugallym ilki bilen tutuş söz bilen şol sözüň aňladýan düşünjesini ýa-da predmetini görkezip, ençeme gezek gaýtalap, çaganyň aňynda söz bilen predmetiň arasynda assosiasiýa döretmegi başarsa, harplap okamagy öwretmek derkar hem bolmaýar. Mugallyma beýle netijäni gazanmaga görkezme esbaplary, multimedia serişdeleri ýaly häzirki zaman bilim tehnologiýalary hem ýardam edýär.

Ýazuw (writing) endigi hem ýokarda agzalan assosiatiw usul arkaly öwredilýär. Çaganyň aňynda sözüň ýazylyşy bilen ony aňladýan predmetiniň arasynda assosiasiýa döredilýär. Şeýlelikde, dürs ýazmagy öwretmek üçin bir sözüň ýazylyşyny tä çaganyň eli öwrenişýänçä hem-de ýadynda galýança ýazdyrmaly bolýar.

Iňlis dilinde hatyň hem iki hili görnüşi bolýar: ýazmaça we basmaça. Adaty usullarda hat ýazmaça ýazdyrylýardy. Emma döwür üýtgeýär. Indi bolsa basmaça ýazuwa geçildi. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem häzirki wagtda elde doldurylýan resminamalaryň (soragnamalaryň, pikir soraşmalaryň we ş.m.) düşnükli, dogry okap bolmagyny gazanmakdyr.

 

Rejep Nazarow,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň

Dil we edebiýat bölüminiň esasy ylmy işgäri.

  • 40
  • 09.01.2021