MAKALA

Ýagşylyk we ýagşy häsiýet hakynda

Halk döredijiliginiň dürler hazynasynda ynsanyň ahlagyny bezeýän ajaýyp sypatlar hakynda ençeme nakyllardyr atalar sözi, rowaýatlar bar. Olar üstünden ençeme asyrlary aşyran, her döwürde üsti ýetirilip taraşlanan hem bolsa, özünde ynsanyň ahlak gözelliklerini saklaýar.

Halk döredijilik eserlerinde ýagşylyk ýaýylyp, ýamanlyk ýazgarylýar. Bu eserler asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilipdir.

Ertekileriň mysalynda biziň häzirki pedagogikamyzyň taglymaty, şol döwürlerde aýratyn ylym hökmünde esaslandyrylmadyk hem bolsa, onuň terbiýeçilik ähmiýeti, esasy meseleleri beýan edilýär. Mysal üçin, ýaramaz gylyklaryň adamyň durmuşyna ýetirýän täsiri haýwan häsiýetleriniň üsti bilen şöhlelendirilýär. Bu gymmatlyklar özüniň aýdylyş äheňi boýunça gadymylyga eýe bolsa-da, häzirki zamanda kemala gelýän ýaş nesliň durmuşyny manyly dowam etdirmekde haýsy gylyk-häsiýetiň gowudygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ynsanyň ahlak sypatlary jemgyýetde adamlaryň bir-birine bolan aragatnaşygynda, adamlar bilen özara pikir alyşmagynda ýüze çykýar.

Halk döredijilik eserleriniň her birini diňläniňde, okanyňda eserlerdäki ynsan häsiýetleriniň adalatlylykda ula hormat, kiçä söýgi bildirmekde, dosta wepalylykda, sypaýydan sada bolmakda, sabyrlylykda, ynsaplylykda, hoşniýetlilikde ynsana mahsus gowy gylyk-häsiýetler jemlenýär.

Adamyň ahlak häsiýetiniň özeninde adamlaryň birek-birege kömegi, halal ýaşamagy, dogruçyllygy, akýürekliligi, adamlaryň öz döwrüne laýyk geýinmegi, tämizligi jemlenýär. Adamyň içki we daşky dünýäsi bir-birine gabat gelse, ol diňe şonda hakyky ynsan adyna mynasyp bolup bilýär. Bu barada Jelaleddin Rumynyň «Bolşuň ýaly görün, görnüşiň ýaly bol» diýen ajaýyp jümlelerini mysal alyp bileris.

Ynsan häsiýetini bezeýän şeýle gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde rowaýatlar dünýäsi hem edep sapaklaryny eçilýär. Halypanyň öz şägirdiniň ýeten derejesini bilmek isläp, oňa berýän sowallaryna alýan jogabynyň üsti bilen halypa öz şägirdiniň näderejede kemala gelendigini anyklaýar. Mysal üçin,

«Danyşmentleriň biri özüniň sapak beren şägirdine ýüzlenip, şeýle sowal beripdir:

— Näçe ýyl bäri meniň bilen işleşýärsiň?

— 20 ýyl bäri.

— Şondan bäri menden näme öwrendiň?

— Hiç zat bilen çalşyp bolmajak ýedi hakykaty öwrendim.

— Onda maňa şolary beýan etsene!

— Seredip otursam, hemmeler bir zady dost tutunýarlar we oňa ýürekden baglanýarlar, ýöne dost tutunan zatlary olary ýarym ýolda taşlaýar. Men bolsa özümi hiç wagt taşlamajak, hatda dünýäni täzelänimden soňra-da meniň ýanymda boljak zatlary gözledim. Özüme dost edinip, ýagşylyklary saýladym. Ýagşylyklar soňsuz bir ýolagçylyga çykan ynsanyň hiç wagt tükenmejek azygy we dostlarydyr.

— Örän oňat, ikinjisi näme?

— Seredip otursam, harsydünýä adamlar ötegçi dünýä ýapyşyp, baýlygyny goraýarlar, sandyklarda saklaýarlar, olaryň ýitmezligi üçin her hili ýola baş goşup görýärler.

— Dowam et!

— Ýene-de seredip otursam, ýaramaz häsiýetli adamlar biderek ýere durmuşlaryna zyýan ýetirýärler. Bularyň hemmesine men-menligiň we nebsiň sebäp bolýandygyny gördüm. Şonuň üçin hem özümi bu nogsanlyklardan uzak saklap, köp adam bilen dost bolup, şatlykda hem-de rahatlykda ýaşamagyň ýoluny tapdym.

— Ýene...

— Näme üçindir käbir adamlar öz ýalňyşynyň sebäbini başgalardan gözläp, özgeleri günäkärleýärler. Öz günälerini bolsa gizleýärler, ýöne adam başyna gelen zada özi sebäp bolýandyr.

— Onsoň...

— Adamlar bir zada daýanmaly we guwanmaly. Baýlyk belli bir wagt geçensoň tamamlanýar. Men bolsa diňe hakykata sygnyp ýaşadym. Bularyň netijesinde mende tükenmejek güýçli ynam peýda boldy.

Halypa:

— Seni gutlaýaryn. Men hem köp ýyllardan bäri ahlak baradaky kitaplary okadym we olaryň barynyň bu hakykaty öwüt-ündew edýändigini gördüm — diýipdir.

Halypa bilen şägirdiň arasyndaky bu söhbetdeşlikde kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde ynsanyň ahlak gözelligini bezeýän sypatlar birme-bir beýan edilýär.

Görnüşi ýaly, halk döredijiligi diýlen düýpsüz hazyna öz dörän döwründen bäri her döwürde ynsany dil üsti bilen terbiýelemekde, oňa edep sapagyny geçmekde çeşmelik hyzmaty ýerine ýetirip gelýär. Bu eserler halkyň asyrlaryň dowamynda jemlenen durmuş tejribesi esasynda döredilen ruhy gymmatlyklar bolup, olar bu günki gün, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli terbiýelemekde ajaýyp mekdep bolup hyzmat edýär. Her döwrüň ruhuny özüne siňdirip, döwre görä kämilleşdirilip, çuňlaşdyrylyp, haýsy döwürde dörändigine garamazdan, öz ülňüsini saklap, halk durmuşynyň täzelenmegi netijesinde şol döwrüň durmuş şertlerine, aňyýetine uýgunlaşyp, öz ösüşini dowam etdiren bu miras hemişe öňe, ösüşe tarap ümzük atýar, emma her döwürde-de milliligi saklaýar.

Halkyň taryhynyň bir sahypasyny, geçmişiniň bir ülşüni özünde saklaýan halk döredijiligi eserleriniň dürli görnüşleri aň-düşünjesi özgeren, ösen döwürdeşlerimize hyzmat edip, olaryň paýhasyny durlaýan, olara täsin jadylaýjy güýç berýän ruhy baýlykdyr. Bu eserleriň ummasyz güýji hem, täsin syry hem olaryň her döwre hyzmat edýänligi bilen gymmatlydyr. Belki-de, şol sebäpli, gadymy danalarymyz, akyldar-alymlarymyz bize miras goýan eserleriniň her birinde öz döwründe we ondan öňki döwürlerde-de halk arasynda giň ýaýran halk döredijiliginiň dürli nusgalaryna ýüzlenip, öz ündewlerinde olardan ýerlikli peýdalanandyrlar. Bu eserleriň her birinde, dünýä döräli bäri dowam edýän iki sany garşylykly güýjüň hereketi beýan edilip, hemişe-de ýagşylyk dabaralandyrylýar. Ýagşylyk we ýamanlyk, belentlik we çuňluk häsiýetine eýe bolan bu düşünjeler halk pelsepesinde-de, ýazuwly çeşmelerde-de milli pelsepe hökmünde orta çykýar.

 

Güljemal Gummanowa,

TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň

halk döredijiligi bölüminiň müdiri.

  • 28
  • 09.01.2021