MAKALA

Hepdelikler serhetçileriň durmuşyny has-da gözelleşdirýär

Golaýda serhetçileriň arasynda hepdelikleriň ýene biri üstünlikli geçirildi. Ol «Merdanalyk mekdebi» şygaryna beslendi. Hepdelik turuwbaşdan wakalara baý boldy. Onuň dowamyndaky ýatdan çykmajak wakalaryň biri ýaş esgerleri harby gulluga kabul etmek dabarasydyr. Olar dabaraly ýagdaýda garşy alnyp, degişli çäreleriň ählisi birkemsiz geçirildi. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, serhet galalarda, okuw merkezinde we bölümçelerde tanyşlyk agşamlary guraldy.

«Harby gullukçylaryň umumy borçlary, gulluk we ýörite borçlary, jogapkärçiligi we hukuklary», «Türkmenistanyň Döwlet serhedinde serhetçileriň özüni alyp barmak düzgünleri», «Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ok-ýaraglar bilen iş salyşylanda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmegiň düzgünleri» ýaly temalar boýunça tejribeli serkerdeler tarapyndan geçilen adaty hem-de görkezme okuw sapaklarynyň harby gullukçylar, hususan-da, esgerler üçin täsiri juda ýiti boldy. Sapaklarda ýaramaz endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgesi, harby-gahrymançylyk, watançylyk ýaly mowzuklar baş temalar bolup hyzmat etdi.

Serhetçileriň köpülikleýin gatnaşmagynda guralan «Saglygyň bahasyn hassadan soraň», «Halal zähmet – baky döwlet» atly wagyz-nesihat çäreleri, «Berk düzgün-nyzamlylyk üstünligiň özenidir», «Hukuk bilimi» atlaryna eýe bolan terbiýeçilik agşamlary bolsa olaryň arasynda tertip-düzgüni berkitmekde gymmaty örän uly boldy.

Şonuň ýaly-da, Gullugymyzyň şahsy düzüminiň arasynda sportuň futbol, woleýbol, küşt ýaly dürli görnüşlerinden sport ýaryşlary guraldy. Bu bir tarapdan, sport bilen meşgullanýan türgenler üçin peýdaly türgenleşik bolsa, beýleki bir tarapdan, serhetçiler üçin saglygyny berkitmäge döredilen nobatdaky şertdir. Bu harby gullukçylaryň elmydama sagdyn bedenli, ruhubelent, şähdaçyk bolmagy üçin edilýän aladadan nyşan.

Harby gullukçylara gulluk etmegi üçin şular ýaly sansyz mümkinçilik döredilip berilýärkä, serhetçilere diňe sak durup dost-doganlyk araçäklerimiziň asudalygyny goraýmak galýar.

Goý, şeýle hepdelikler dowamly bolsun!

 

Parahat Çaryýew.

  • 33
  • 09.01.2021