MAKALA

Stohuň 3-nji çempionlygy

Her ýylda Germaniýanyň Oberstdorf we Garmiş-Partenkirhen hem-de Awstriýanyň Insbruk bilen Bişofshofen şäherlerindäki lyža merkezlerinde geçirilýän «Four Hills» («Dört depe») ýaryşy tamamlandy. Tramplinden lyžaly bökmek bäsleşikleriniň nusgawy görnüşine öwrülen ýaryş şu ýyl 69-njy gezek geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşlarda polşaly Kamil Stoh ýeňiji boldy. Germaniýadaky ýaryşlarda 2-nji hem-de 4-nji ýeri eýelän Stoh Insbruk we Bişofshofen şäherlerindäki bäsleşiklerde iň ýokary utugy gazandy. Şeýlelikde, 1110,6 utuk toplan Stoh 3-nji gezek altyn medala mynasyp boldy. Ol 2017-nji we 2018-nji ýyllarda-da çempion diýen derejäni alypdy. Oberstdorfda ýeňiş gazanan germaniýaly Karl Geýger kümüş, Garmiş-Partenkirhende ýeňiji bolan geçen ýylyň çempiony polşaly Dawid Kubaskiý bürünç medala mynasyp boldy.

  • 23
  • 09.01.2021