MAKALA

Ýaşlaryň arasynda amerikalylar çempion boldy

Hokkeý boýunça ýaşlaryň arasynda Kanadada geçirilen 45-nji dünýä çempionatynda ABŞ-nyň ýygyndysy ýeňiji boldy. Amerikaly hokkeýçiler finalda ýer eýeleri Kanadanyň ýaşlar ýygyndysy bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda amerikalylara ýeňiş getiren gollary Aleks Turkotte (13:25) bilen Trewor Zegras (20:32) derwezä gönükdirdi. Şeýlelikde, ýaşlaryň arasynda ABŞ-nyň ýygyndysy 5-nji gezek çempionlyk gazandy. Olar mundan öň, 2004-nji, 2010-njy, 2013-nji hem-de 2017-nji ýyllarda kubogy eýeläpdiler. 18 çempionlyk bilen bu ugurda öňde barýan kanadalylar bolsa, 10-njy gezek finalda ýeňildiler.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda Finlýandiýanyň ýaşlar ýygyndysy Russiýanyň ýaşlar ýygyndysyny 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ruslar Ilýa Safonow (06:03) bilen öňe saýlansalaram, olara bu üstünligini saklamak başartmady. Finlere ýeňiş getiren şaýbalary Lundell (25:05, 58:23), Petmann hem-de Parssinen derwezä girizdi. 7-nji gezek bürünç medaly eýelän finler ýarym finalda ABŞ-dan 4:3, Russiýa bolsa, Kanadadan 5:0 hasabynda asgyn gelipdi.

Çempionatyň iň netijeli oýunçysy baýragyna amerikaly Trewor Zegras mynasyp boldy. 18 gezek tapawutlanan Zegras çempionatyň iň gymmatly oýunçysy baýragyna hem laýyk görüldi.

  • 22
  • 09.01.2021