MAKALA

Medeni gatnaşyklaryň taryhy kökleri

Ynsan kowmunyň baý medeni ojagynyň Watany hasaplanylýan gadymy Margiana dünýä siwilizasiýasynyň könelmeýän merkezidir. Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllykdan başlap, Margiana Merkezi Aziýanyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasyndaky gatnaşyklara örän uly täsirini ýetiripdir. Gadymy Margiananyň bereketli topragynda ösen dürli ekinlerdir olardan öndürilen önümleriň dabarasy dag aşyp, dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýrapdyr. Margianada önen parça, ýüpek, nah matalary, pagta, künji ýagy, bal, gök-bakjadyr miwe önümlerini dürli ýurtlaryň bazarlaryna çykarypdyrlar.

Bol hasylly ýerlerde ýerleşmek bilen, türkmenleriň esasy mesgeni bolan Margiana Ortaýer deňzinden başlap, Uzak Gündogara çenli aralykda ýerleşen ýurtlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, silindr görnüşli möhürleriň watany hasaplanylýan Mesopotamiýa hem şol ýerlerden söwda ýollary arkaly goňşy ýurtlaryň çäklerine çykypdyr. Şeýlelikde, möhürleriň bir bölegi Margiana hem gelip düşüpdir diýlen çaklamalar bar. Ýöne möhürleriň dini rowaýatlara esaslanýan mazmuny hem olarda görkezilen käbir haýwanlaryň (öküz, düýe, at) şekilleri, olaryň ählisiniň daşardan gelmändigini, ýagny Margianada taýýarlanan bolmagynyň ähtimaldygyny aýtmaga mümkinçilik berýär.

Bürünç zamanynda Mesopotamiýa bilen Hindistanyň arasyndaky uly çäklerde söwda gatnaşyklarynyň ýokary ösüşe eýe bolandygyny hem belläp geçmek zerur. Eýranyň günortasynda, Kerman ekerançylyk obasynda, Deşti-Lut düzlüginiň günorta çetinde bürünç döwrüne degişli Şahdat ýadygärligi Hindistan bilen Mesopotamiýanyň aralygyndaky orta ýolda ýerleşen, iki medeni gymmatlygyň arasynda edilen söwda-da ýük ýazdyrylyp geçilen möhüm nokat bolupdyr. Şol ýerdäki ýadygärlikden tapylan arheologiýa tapyndylarynyň ep-esli bölegi ol ýerlere Türkmenistandan gatnawyň oňat ýola goýlandygyna hem şaýatlyk edýär.

XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Hindistanda gazuw-agtaryş işlerini geçiren iňlis arheology Jonn Marşalyň gadymy Harappa medeniýetiniň şol asyryň aýaklarynda arheolog Wiktor Sarianidiniň Türkmenistanda gadymy Margiana medeniýetiniň üstüni açmaklary iki gadymy halkyň arabaglanyşygynyň taryhy köklerini yzarlamaga mümkinçilik döretdi.

Harappa medeniýetiniň merkezi şäherleri Harappadan, Mohejo-Darodan, şeýle-de, Margiananyň paýtagty hasaplanylýan Goňurdepeden tapylan şäher galyndylaryny özara deňeşdirsek, bu gadymy ojaklaryň ösen şäher medeniýetiniň bolandygyna ikisiniň-de özara ýygjam medeni gatnaşyklaryň hasabyna ösendigine göz ýetirmek bolýar.

Marguş, Harappa medeniýetleri döwründe ilat ekerançylyk, maldarçylyk, hünärmentçilik bilen meşgullanypdyr. 2004-nji ýylda W. I. Sarianidi tarapyndan Goňurdepäniň köşk-ybadathana toplumyndan gadymy hindi dilinde ýazylan we piliň şekili çekilen Harappa täjirleriniň öz harytlaryny belgilän möhürleriniň tapylmagy Hindistan bilen Margiananyň ýygjam söwda gatnaşyklarda bolandygyna güwä geçýär. Galyberse-de, Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinden dörtburç şekilli hindi möhürleri bilen kybapdaş gelýän möhürleriň tapylmagy şol mesgenlerde ýaşan ilatyň hindi siwilizasiýasy bilen gönüden-göni gatnaşykda bolandygyny subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň gadymy medeni mirasyny dikeltmegi, düýpli öwrenmegi, wagyz etmegi, gorap saklamagy, geljekki nesillere ýetirmegi döwlet derejesindäki möhüm ähmiýetli işleriň hatarynda goýýar. Diýarymyzda medeni ojaklarymyzyň taryhyny ylmy esasda öwrenmeklige, olary umumy adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde gorap saklamakda, şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.

 

Aýnabat Galandarowa,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň

Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.

  • 28
  • 09.01.2021