MAKALA

Terjime işi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz: «Bilim ulgamy jemgyýetimiziň, ýurdumyzyň, onuň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we beýleki ugurlarynyň ösüşini üpjün edýär» diýip belleýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda türkmen-rus dilleriniň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär we uly işler amala aşyrylýar.

Dil bilimine degişli bolan käbir meseleler diňe bir diliň mysalynda däl-de, ähli dilleriň mysalynda düşündirilse oňat netije berýär. Talyplara diller hakyndaky maglumatlary nazary taýdan umumylaşdyryp, diliň düýp manysy, häsiýetli alamatlary, onuň ösüş kanunlary öwredilse netijesi gowy bolýar.

Rus dilinde sözleýşiň, şeýle hem tekstiň gurluşyny we terjime edilişini talyplara öwretmekde birnäçe usullardan peýdalanýarys. Olar dilde söz, söz düzümi we dürli funksional stilleriň ulanylyşy bilen baglanyşyklydyr. Tekst sözlemden we abzasdan uly birlik bolmak bilen, özbaşdak mazmun bitewiligini emele getirýär. Şunda pikir dil birligi hökmünde ýüze çykyp, onuň mazmunyny aňladýar. Sözlem, abzas, söz düzümleri tekstiň düzüm bölekleridir. Tekstde sözlemler arasyndaky baglanyşykdan we düzülýän abzaslardan onuň mazmuny ýüze çykarylýar. Tekstiň mazmuny dürli görnüşde berlip bilner. Tekstde düşnüklilik we terjime etmek hyzmaty käbir sözleriň nygtalmagyna bagly bolup biler.

Berlen teksti terjime etmek her bir abzasyň gurluşyna baglydyr. Abzasdaky sözlemleri mazmun taýdan baglanyşdyrmak, olary bir umumylyga getirmek sözlemiň terjime edilişine, terjimeçiniň bilim derejesine bagly bolup biler.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň saýlan hünärlerini düýpli bilmekleri üçin rus dilinde okyjylar maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny guramak, uly bolmadyk çeper sahnalary döretmek terjimeçilik işine, elbetde, oňaýly täsir edýär. Tekst okuw birligidir. Şeýlelikde, talybyň hünär ugry boýunça ulanýan ylmy adalgalary bilen utgaşdyrylan halatynda, olara tekstiň düzümini öwretmek zerurdyr. Her bir tekstiň üstünde işlenilende, talybyň aňynda hünäri bilen bagly adalgalaryň, söz düzümleriniň manysy we terjimesi hemişelik ýadynda galýar.

Talyplarda tekstleri okap, terjime etmäge gyzyklanma döretmek bilen bir hatarda, olarda çeper eserleri köpräk okamak endikleriniň kemala getirilmegini-de gazanmaly. Olaryň dil baýlyklaryny we sözleýiş endiklerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermeli.

 

Beghan Annasähedow,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

  • 26
  • 12.01.2021