MAKALA

Penjiräniň öňündäki adam

Bilemok, bu endik nireden galypdyr, haçan döräpdir, emma men boş wagtlarym penjireden daşaryny synlamagy halaýaryn. Islendik pasyl hem bolsa tapawudy ýok, ýöne hasam güýzüne ýagyş çisňeýärkä ýa-da gyşyna gar petdeläp ýagýan pursady ýolýakadaky, öýümiziň penjiresiniň öňündäki arçalaryňdyr beýleki daragtlaryň ýagşa ezilişini ýa-da kem-kem aklyga bürelip barşyny synlamagy halaýaryn. Güýzüň ýagyşly günleri eger mümkinçiligim ýa-da keýpim bar bolsa, men daşary çykyp, ýagyşly şäherde gezim etmegi halaýaryn. Emma uzaga gitmeýärin, öýümiň töwereginde aýlaň-çaýlaň edip oňýaryn.

Penjire bilen bagly mende aýdara, deňeşdirere, gussa çekere, küýsege berlere kän-kän ýatlama bar. Olary hut häzir şu setirleri ýazýarkam, birme-bir, emma yzygiderli däl, başly-barat ýatlap, men ömrümiň agramly böleginiň ötendigi, adamlara aýdara nämedir bir zatlaryň peýda bolandygy barada oýlanýaryn.

Adatça, penjiräni ynsan gözi bilen meňzeş tapýarlar, eger şeýle bolsa, ýagny göz-dide ynsan kalbynyň penjiresi bolýan bolsa, adaty penjire-de biziň öýümiziň dünýä bakýan «gözi» dälmidir?

Bilmedim, men penjireden daşaryny synlamagy halaýaryn.

Bir rowaýat pisint hekaýaty gürrüň beresim gelýär. Hassahanada indi gutular umydy ýiten hassanyň penjiräniň öňündäki daragtyň gury şahasyndaky üzülmän galan ýekeje ýapraga uzakly gün tiňkesini dikip ýatandygyny lukman görüpdir. Ol hassanyň içki pikirini okapdyrmy ýa-da munuň sebäbini özünden sorapdyrmy, belli däl, hassanyň şol ýekeje ýaprak hem üzülip ýere gaçaýsa, özüniň bu ýagty jahandan el üzjekdigi barada oýlanyp ýatandygyny anyklapdyr. Ol nädipdir diýseňizläň, şol gije şol ýeke gury ýapragy şahadan inçejik sapak bilen pugta daňyp goýupdyr, ertesi hassa oýansa, ýaprak henizem şahadamyş, onsoň muňa ynjalan hassa gün-günden bäri bakyp, ýaşamak höwesi bilen gaýnap joşmaga başlapdyr...

Men penjireden daşaryny synlamany halaýaryn. Munuň sebäbini köp oýlana-oýlana tapdym: munuň sebäbi wagtynda geler ýoldan gelmän gözlerimi intizar goýan eziz ynsanlar bilen bagly ekeni.

Özem munuň ilkinji pursatlary baryp juda-juda alysda, çagalygymda galan pursatlar bilen bagly eken. Ol-da meniň — heniz birinji synpa-da barmadyk oglanjygyň tomus gaýybana okuwynyň synaglaryny tabşyrmak üçin paýtagta gidýän we onuň geljek uçurlary, ýagny tä gije on-on birlere çenli, iki otaglyja tamymyzyň penjirelerinden etrap merkezinden gelýän ýola bakýan, öýüň deňesinde saklanan ýük ulagyndan kakasynyň düşerini näler isleýän çagalygymdan gözbaş alýan ekeni. Emma kakam ertesi gelerdi, irden tursaň, başujuňda kiçijik oýnawaç traktorjyk ýa-da maşynjyk, uçar durandyr. Senem: «Urra, dädem gelipdir!» diýip, düşekden böküp turarsyň.

Soň meni ýene penjireden geler ýola garamaga öwrendikli eden kän-kän wakalar bolup geçdi. Ýaşlyk hyjuwlylygy, ýelgini zerarly okuwdan soň dostlary bilen kinoda ygyp giç öýe dulanan inime garaşyp penjiräň öňünde kän oturdym...

Her gezegem penjiräniň öňünde, gije garaňkysyna, köçä gözümi dikip, özüm üçin golaý, asla ýat-saýry bolmadyk adamlar üçin kän-kän oturdym, özem olaryň gelerine garaşa-garaşa, gözlerim ýolda galdy.

Garaşylýan adam özi barada nähili alada edilýändigini, ynjalyksyz bolunýandygyny bilmeýär, ony penjiräniň öňünde garaşýandan sora!

Bu gün ep-esli ýyly aradan geçirip, men özümiň şo-ol garaşmalarymyň asyl-ha zerurlygynyňam bolmandygy barada netijä gelip, gussaly ýylgyrýaryn. Barybir, olar meniň bitakat bolup, gözlerimi umydygär dikip garaşanyma dahylsyz ýagdaýda dolanypdylar.

...Gynansamam, garaşmalarym biderek hem bigerek ekeni, olar barybir, meniň şeýle bitakat bolmagyma, horlanmagyma, her gezek saçymyň onlap tarynyň agarmagyna garamazdan dolandylar. Özlerem maňa garaşanym üçin sagbolsunam aýtmadylar, «Baý, seniň aladaçyllygyňy?!» diýip güldüler.

...Men ýene-de penjiräniň öňünde otyryn. Emma hiç kime garaşamok, golaýlarymdan biri ýolda galar ünjim ýok. Olar bireýýäm gitjek ýerlerine gitdilerem, dolandylaram. Meniň üçin hem gitmeli ýol ýok, yzymdan göz dikip garaşmaga esasam ýok. Bir ýol bar, olam — hakydanyň ýoly...

 

Hemra Hudaýgulyýew.

  • 29
  • 12.01.2021