MAKALA

Serhetçileriň durmuşyndan: nobatdaky hepdelik geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy nobatdaky hepdeligi üstünlikli geçirdi. Ol «Watan goragy — mukaddes borç» diýlip atlandyryldy. Serhetçiler her güni hepdelik meýilnama esasynda täze-täze wakalar bilen garşylady. Aýratynam, bu hepdede Serhet goşunlarynyň düzümi nobatdaky ýaş wekiller baýlaşdy. Has dogrusy, harby bölümlere ýaş esgerler ýokary guramaçylyk derejesinde kabul edildi. Şeýle-de «Watan goragy — mukaddes borç» atly şygaryň astynda Gullugymyzyň harby bölümlerinde, serhet birikmelerinde, serhet galalarynda şahsy düzümiň arasynda okuw sapaklar, ýörite agşamlar (çeper okaýyş, çekişme, terbiýeçilik, sowal-jogap, tanyşlyk), wagyz-nesihat çäreleri guraldy, düşündiriş, zyýansyzlandyryş, arassaçylyk işleri geçirildi. Olaryň gatnaşyjylary bolsa — elbetde, biziň şirýürek serhetçilerimiz. Bu guramaçylykly çäreler ähli derejedäki harby gullukçylaryň harby-gahrymançylyk häsiýetlerini, watançylyk duýdularyny ösdürmäge ýakyndan itergi berdi. Çünki Watan serhedini goraýan watan goragçylary üçin berk watanperwer häsiýet islendik güýjüň öňünde boýun egmejek iň güýçli ýaragdyr.

Hepdäniň günlerinde harby gullukçylaryň, hususan-da, esgerleriň ruhy ýagdaýy birjikde ünsden düşürilmedi. «Dostluk serhediniň goragynda» radiogepleşiginiň, «Dost-doganlyk serhedi» telegepleşiginiň nobatdaky täze sanlarynyň Gullugymyzyň şahsy düzüminiň arasynda köpçülikleýin diňlenilmegi we tomaşa edilmegi üpjün edildi.

Umuman, hepdeligiň dowamynda bolan wakalar serhetçileriň durmuşyny mana boýady.

 

Ýaran Akmämmedow.

  • 28
  • 12.01.2021