MAKALA

Ronaldo taryhyň iň köp gol geçiren futbolçysy

Italiýanyň çempionaty «Serie A»-da 17-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynda «Ýuwentus» öz meýdançasynda «Sassuolony» 3–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Ýuwentusa» ýeňiş getiren gollary Danilo (51), Remzi (82) hem-de Ronaldo (90+2) derwezä girizdi. Şeýlelikde, Kristiano Ronaldonyň resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sany 759-a ýetdi. Geçen hepdäniň dowamynda Peleden öňe saýlanan Ronaldo taryhyň iň köp gol geçiren oýunçysy, Awstriýanyň hem-de Çehoslowakiýanyň ozalky hüjümçisi Ýosef Bisan bilen deňleşdi (759 gol). Ýeri gelende aýtsak, bu hasabat resmi duşuşyklarda geçirilen gollara görä kesgitlenýär. Hasabatlary ýöredýän käbir guramalara görä, Bisan 759 däl-de, 805 gol geçirdi. Romario 772, Pele 767 gol bilen öňdäki 3-nji orny eýeleýär. Şolara görä, Ronaldo häzirlikçe 4-nji hatarda barýar.

Yzly-yzyna 15 möwsümde azyndan 15 gol

Şeýle-de Kristiano Ronaldonyň şu möwsümde çempionatyň çäginde geçiren gollarynyň sany 15-e ýetdi. Ol Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda yzly-yzyna 15 möwsümde azyndan 15 gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

 

zamanturkmenistan.com

  • 26
  • 12.01.2021