MAKALA

Gümmez gurmak sungaty

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby halkymyzyň geçmişde dünýä ýaň salan şöhratly taryhyna, döwletlilik ýol-ýörelgelerine bagyşlanandyr. Halkymyzyň geçmişde guran döwletlerinde türkmen binagärliginiň nusgawy usullary ulanylypdyr.

Türkmeniň Merkezi Aziýanyň we onuň çäkleriniň daşynda döreden döwletlerinde, soltanlyklarynda ýerli halkyň medeniýeti bilen türkmeniň däp-dessurlaryny birikdirmek arkaly birnäçe binalar gurlupdyr. Bu binalar birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanypdyr. Häzirki döwürde hem bu binalarda türkmen ussat binagärleriniň elleriniň yzlaryny görmek bolýar. Orta asyrlarda döredilen Beýik türkmen seljuk soltanlygynyň, türkmenleriň Köneürgençde, Hindistan ýarym adasynda, kiçi Aziýada döreden beglikleriniň, döwletleriniň we soltanlyklarynyň şäherlerinde gurlan ajaýyp binalar dünýäniň binagärlik taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Beýik Seljuk türkmen soltanlygynyň paýtagty gadymy Merw şäheri, Orta asyr Horezmşalar döwletiniň paýtagty, gadymy Gürgenç şäheri we beýleki Horasan sebitiniň şäherleri özüniň binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanypdyr. Hormatly Prezidentimiz bu şäherler barada «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gadymy türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoluna, onuň ýakasynda dörän özboluşly medeniýetiň baý genji-hazynasyna bagyşlanan taryhy ymaratlaryň dünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini belläp geçýär. Parfiýa döwletiniň paýtagty gadymy Nusaý, gadymy Merw we gadymy Köneürgenç ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmen halkynyň binagärçilik sungaty özboluşly bolup, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklykda kemala gelendir. Ýurdumyzda tomsuna jöwzaly yssy, gyşyna sowuk howanyň bolmagy binagärlikde gurluşyk materiallaryna, ymaratyň göwrümine, berkligine, adamyň saglygyna ýaramlylygyna aýratyn üns berilmegini talap edipdir.

Gündogaryň we Merkezi Aziýanyň binagärleri bu şertleri örän oňat öwrenip, gurlan ymaratlaryň müňýyllyklara gitmegini gazanypdyrlar. Esasan hem, jemgyýetçilik binalary bolan metjitlerdir medreseleriň binalaryny salkynlykda saklamak üçin özboluşly gümmezler ulanylypdyr. Gümmez gurluşygy dünýä binagärliginde giňden ulanylyp gelnendir. Taryhyň dürli döwürlerinde dünýäniň her künjünde özboluşly gümmezli binalar peýda bolupdyr.

Türkmen binagärleri hem ýurdumyzyň howa şertlerine görä ajaýyp gümmezli binalary gurup bilipdirler. Ýöne gümmez gurluşygynyň hem taryhy gelip çykyşy bar. Türkmen halkynyň taryhynda iň gadymy mukaddeslik hasaplanan ojak, tamdyr hem-de suw saklanýan sardobalar bolupdyr. Olaryň şekilleri biri-birine meňzeş bolup, diňe ölçegleri bilen tapawutlanýar. Şol döwrüň ymaratçylary gümmezleri mukaddeslikleriň şekillerinden ugur alyp gurupdyrlar. Gümmezleriň gurluşygynda ir döwürlerden bäri bişen kerpiçler ulanylypdyr. Kerpiçleriň palçygyny hem-de olary berkidýän suwuklygyň himiki düzümini ýörite erginlerden ýasapdyrlar.

Türkmen halkynyň milli ruhuny siňdirip guran binalary dünýäniň tanymal ýadygärlikleriniň hataryna giripdir. Olardan Saragt babanyň kümmetini görkezmek bolar. Bu bina Orta asyrda ýaşap geçen Abul-Fazlyň guburhanasydyr. Onuň gurlan wagty XI asyra degişli. Ýadygärligiň fotoşekilini ilkinji gezek 1894-nji ýylda professor W.A.Žukowskiý çap edipdir. Alym-arhitektor A.M.Pribytkowa tarapyndan öwrenilen Abul-Fazlyň guburhanasy monumental kompozisiýa bolup, onuň esasy göwrüminiň kuwwatly parallelopipedi silindr görnüşli aýlawyň üstündäki gümmez bilen utgaşýar. Bu desga bişen kerpiçden gurlupdyr.

Bu ýadygärlikleriň arasynda Mäne obasyndan Abu Seýit Meýheneýiniň kümmeti özüniň taryhy-arhitektura ähmiýeti boýunça möhüm orun tutýar. Abu Seýidiň kümmeti Mäne şäherinde XI asyryň ortalarynda gurlupdyr. Bu kümmet taryhy şahs hökmünde meşhur Abu Seýit ibn Abul-Haýryň (968 — 1049-njy ýyllar) gubrunyň üstüne bina edilipdir. Inedördül jaýly desga iki gat gümmez bilen örtülipdir. Gurluşygyň kub şekilli göwrümi belent aýlawyň üstündäki gümmez bilen tamamlanypdyr. Jaýyň şol wagtlar hem günorta-günbatara bakyp duran girelgesi bolupdyr.

Kerki etrabynda taryhy şahsyýet Alamberdaryň kümmeti ýerleşýär. Halyf Alyda harby ýolbaşçy bolan Alymberdaryň kümmeti Türkmenistanyň XI asyra degişli arhitekturasynyň iň oňat nusgalarynyň biridir. Ýerleşişi boýunça inedördül (10,35 metr) bolan bu ymarat üstünden gümmez bilen örtülen otaglardan ybaratdyr. Ol inedördül (27x27x4,5 santimetr) bişen kerpiçden gurlupdyr we nagyşlanypdyr.

Kerki etrabynda ýerleşen Astanababanyň kümmeti özüniň görnüşi boýunça dünýäde ýeke-täk binadyr. Bu binanyň gelip çykyşy barada halk arasynda birnäçe rowaýat aýdylýar. Rowaýatlaryň birinde Balhyň hökümdary Ibn Aly Nur oglunyň öz aradan çykan gyzynyň gubrunyň üstünden kümmet gurdurmak üçin Merwden we Saragtdan iň ökde ussalary çagyrandygy, gurlan kümmetiň üç gezek ýumrulandygy barada aýdylýar. Mundan soňra dini ulamalar binany gurmak üçin toprak bilen suwagy diňe Mekge şäherinden getirmegi maslahat beripdirler. Şeýlelik bilen, kümmet şol maslahata eýerilip gurlupdyr.

Astanababa kümmetiniň gurluşy girelge desgalary bilen bir açyk dälizden, birnäçe otaglardan, metjitden we guburhanadan ybarat bolup, depesi dört sany gümmez bilen örtülipdir. Bu ymarat bişen kerpiçden gurlupdyr. Binanyň gurlan senesi XII asyr bolup, onuň goşmaça binalary giçki asyrlara degişlidir.

Ýurdumyzyň Mary welaýaty taryhy ýadygärliklere örän baýdyr. Gadymy Merw şäheriniň çäklerinde gurlan Seljuk döwletiniň iň kuwwatly hökümdarlarynyň biri Soltan Sanjaryň guburhanasy has tapawutlanýar. Bu kümmet XII asyrda sarahsly türkmen binagäri Muhammet Ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan gurlupdyr. Häzirki Baýramaly şäheriniň ýakynynda belent gümmezli, ägirt uly kub görnüşli bu desga gyzgylt-sarymtyl bişen kerpiçden gurlupdyr.

Soltan Sanjaryň kümmeti Seljuk döwletiniň we biri-birini çalşyryp duran döwletleriň ençeme gezek paýtagty bolan ägirt uly şäheriň ýokary derejede gülläp ösüşini suratlandyrypdyr. Häzirki döwürde kümmet taraplary 27 metre barabar göni kub şekilli bolup, onuň üstüni belent egne oturdylan gümmez bezeýär. Onuň ýokarky bölegini gözenek-gözenek aýlawlar gurşap alypdyr. Kümmet inedördül görnüşe eýedir. Merkezden geçýän ugrunyň günbatar we gündogar diwarlarynda girelgeler ýerleşdirilipdir. Dörtgyraň desganyň diwarlarynyň galyňlygy bäş metre ýetýär, ymaratyň düýbüniň tutulyşynyň çuňlugy bolsa 4 metre barabardyr.

Mary welaýatynda Muhammet Ibn-Zeýdiň kümmeti (XI asyr), Talhatan babanyň kümmeti (XII asyr), Ashablaryň guburhanalary (XIV-XV asyr) we Hoja Ýusup Hemedanynyň guburhanasy (XV asyr) gurluş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Türkmen binagäri Muhammet Ibn Atsyz as-Sarahsy XII asyrda, ýagny günbatar ýewropaly gurluşykçylardan 300 ýyl öň dünýä belli iki gat gümmezli binalary, Soltan Sanjaryň hem-de Mäne Babanyň kümmetlerini gurmagy başarypdyr. Bu bolsa türkmen binagärliginiň dünýäniň binagärlik sungatynyň iň ýokary derejesine ýetendigini aýdyň subut edýär.

 

Öwezmuhammet Mämmetnurow,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory,

taryh ylymlarynyň kandidaty.

  • 18
  • 12.01.2021