MAKALA

Kanada goşuny täze 8x8 goldawly sowutlanan söweş awtoulagyny hödürleýär

2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çap edilen «Twite» we suratlara görä, Kanada goşuny Ýaragly güýçleri tarapyndan meýdan tiz kömek, ewakuasiýa ulagy we söweş meýdanynda söweş goldawy hökmünde ulanyljak täze 8x8 goldawly bronlanan söweş awtoulagyny (ACSV) hödürledi.

Täze, sowutly söweş goldaw awtoulagynyň (ACSV) ilkinji önümçilik ulagy 2020-nji ýylyň awgust aýynda «General Dynamics Land Systems-Canada» önümçilik desgalarynda satuwa goýberildi. Bu täze söweş ulaglary goşun ýük ulagy (TCV), tiz kömek, buýruk nokady, ykjam abatlaýyş we dikeldiş ýaly dürli söweş goldaw funksiýalary ýerine ýetirer.

«ACSvs» häzirki wagtda Kanada goşunynyň ýaraglanyşynda ýerleşýän «M113» (TLAV) ýeňil sowutly ulaglaryň we 8x8 «LAV II Bison» bronetransportýorlaryň ýerini tutar.

«ACSV» «LAV III-iň» güýçlendirilen wersiýasy bolan «Double-V» korpusy we pes derejede energiýa sarp edýän oturgyçlar mahsus bolan, ballistik we mina howplaryndan ýokary derejedäki goragy üpjün edýän «LAV 6.0» platformasynda esaslandyryldy. Şeýle hem ulag ep-esli ýokarlanan ýük göterijiligini we ýokary hereketliligini üpjün etmek üçin modenizirlenen transmissiýa, asma, uly ölçegli tekerler we has güýçli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Kämilleşdirilen elektronika we didiwan gowulandyrylan nyşananyň identifikasiýasyny we ýaragyň dürslügini üpjün edýär, bularyň hemmesi güýçlendirilen ergonomika we howpsuzlyk bilen başnýada jemlenendir.

«ACSV» öňünde 7 tizlikli «ZF» transmissiýasy we yzynda-da biri bolan kuwwaty 450 (335 kWt) at güýjüne deň jübüt «Caterpillar C9» hereketlendirijisi bilen hereketlendirilýär. Ulag sagatda 100 km iň ýokary tizlik bilen 600 km iň uzak aralyga hereket edip biler.

 

«Serhet abat – Döwlet abat».

  • 32
  • 12.01.2021