MAKALA

“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar 2020-nji ýylyň şanly wakasyna—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji dekabrda—Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de şanly senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatynda eden çykyşy bilen açylýar.

Milli Liderimiziň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, “1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolmagy ýurdumyz üçin, hakykatdan-da, taryhy waka boldy”.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu waka türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugruny we mazmunyny kesgitledi hem-de içerki ösüşe, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda giň möçberli milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine, demokratik düzümleriň kemala gelmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.

Bitaraplygymyzyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýratynlygynyň BMG-niň tejribesinde onuň ilkinji gezek ýörite Kararnama hökmünde Baş Assambleýanyň biragyzdan kabul eden çözgüdiniň giň goldawa eýe bolmagyndan we berkidilmeginden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Dünýäniň iri döwletleri, şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan ýurtlar bu resminama awtordaş bolup çykyş etdiler. Şeýlelikde, Türkmenistan bitaraplyk derejesine halkara hukuk ugry hökmünde eýe boldy hem-de dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi.

2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. BMG-a agza döwletleriň 34-siniň awtordaşlygynda kabul edilen bu wajyp resminama bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan wajyp meseleleriň çözgüdinde möhüm orun eýeleýändiginiň tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda ady agzalan ýubileý maslahatynda oňa gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, biziň bitaraplygymyzyň döredijilikli iş bolup, onuň täze taglymlar hem-de iş ýüzünde tejribeler bilen baýlaşdyrýandygy, üýtgäp durýan ýagdaýlara, ýüze çykýan wehimlere uýgunlaşýandygy onuň möhüm aýratynlygydygyny aýratyn nygtady. Emma onuň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ynsanperwer häsiýeti üýtgewsizligine galýar.

Şanly senäniň hormatyna žurnalyň redaksiýasy aýratyn bölüm arkaly halkara guramalarynyň wekilleriniň ugurdaş mazmunly çykyşlaryny ýerleşdirdi.

Şol wekilleriň hatarynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemiişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natswlişwili, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Juliýa Waleze, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd we “Merkezi Aziýada hukuk döwletliligine ýardam etmek” atly GIZ Sebit maksatnamasynyň ýolbaşçysy, Berlin şäheriniň administratiw kazyýetiniň kazysy Ýorg Pudelka bar.

“Türkmenistanyň Bitaraplygy: ýurduň rowaçlygyna tarap ýol” diýen makalada bitaraplygyň türkmen nusgasynyň durmuşa ukyplylygyny iş ýüzünde tassyklandygy hem-de sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy, ýurtlaryň we halklaryň parahatçylygynyň we durnukly ösüşiniň hatyrasyna netijeli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň kuwwatly şertleriniň birine öwrülendigi bellenilýär.

“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň okyjylaryna hödürlenilýän beýleki makalalaryň hatarynda "Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" atly makala bar. Onuň awtorlary milli bähbitleri dünýäniň ileri tutýan ählumumy ugurlary bilen sazlaşykly utgaşdyrmagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belleýärler.

Şunda adam şahsyýetiniň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmak üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi bilelikdäki işiň baş maksady bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda demokratik edaralary has-da kämilleşdirmek, adam hukuklary babatda öz borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistan halkara guramalar bilen ýakyn we köptaraply hyzmatdaşlygy amala aşyryp, döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça oňyn gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär.

“Bitaraplyk: medeni miras we raýat jemgyýetiniň ösüşi” diýen makalada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşlygynda Türkmenistanda syýasy we durmuş durnuklylygy şertlerinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini kemala getirmek işleriniň depginli ösdürilýändigi nygtalýar.

Ynsanperwer ulgamda umumy kabul edilen halkara kadalaryna yzygiderli ygarly bolmak bilen Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda ýazylan demokratik hukuklary we azatlyklary berjaý etmegiň esasy ýörelgelerini netijeli amala aşyrmak üçin syýasy, ykdysady, kanunçylyk we beýleki kepillikleri döredýär.

Şol maksat bilen iri abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, GDA hem-de beýleki düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklanylýar.

Žurnalyň sahypalarynda okyjylary Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň taryhy we kanunçylyk esaslary bilen tanyşdyrýan makalalar hem ýerleşdirildi.

Awtoryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen “2021-nji ýyl—Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama türkmeniň dünýä halklary bilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda düşünişip, ylalaşyp ýaşamagyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” žurnalyň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, “Senenama” habarlar bölümi bilen jemlenýär. Onda geňeş duşuşyklary, mejlisler, okuw maslahatlary, abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde geçirilen çäreler beýan edilýär.

  • 23
  • 13.01.2021