MAKALA

Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan sport ýaryşlary

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýakynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby türgenleriniň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Ýaryşyň ilkinji günlerinden harby türgenler ukyp-başarnyklaryny görkezip, öňdäki orunlary eýelemegi özüne hemra edindiler. Gyzgalaňly geçen ýaryşda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi» ýygyndy toparynyň türgenleri hem oňa gatnaşan ähli toparlar bilen bäsleşip, mynasyp oýunlary görkezmegiň hötdesinden geldiler. Gullugymyzyň «Serhetçi» ýygyndy topary ýurdumyzda geçirilýän çempionatlara, spartakiadalara gatnaşýarlar. Türgenlerimize şeýle baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary üçin Gullugymyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilendir. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan harby gullukçylarymyz ýaryşlaryň ýeňişli münberlerinde baýrakly orunlary eýeläp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 80
  • 27.01.2021