MAKALA

Serhetçi serkerdeler hünär okuwyny tamamladylar

Ýakynda Türkmenistanyň Serhet institutynda «Serhet galalarynyň serkerdeleriniň taýýarlygy» hünär ugry boýunça okan serkerdeleriň bu hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyny tamamlaýyş dabarasy boldy. Bu dabara Serhet institutynyň serkerdeleri, harby talyplary şeýle-de uçurymlar gatnaşdylar. Dabarada hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan içeri we darşary syýasaty, ýurdumyzda harby bilimi ösdürmekde alnyp barylýan işler dogursynda gürrüň edildi.

Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyna Gullugymyzyň düzüminde harby gulluklaryny üstünlikli alyp barýan onlarça serkerdeler çagyryldy. Olar hünär derejesini ýokarlandyryş okuwynda birnäçe aý okadylar. Olar esasan serhet goşunlarynyň taktikasy, umumy goşun taktikasy derslerinden bilim aldylar, şeýle-de daşary ýurt dillerini hem özleşdirdiler. Okuw möwsüminiň ahyrynda serkerdeler okadylan dersler boýunça synaglary tabşyrdylar. Synaglardan üstünlikli geçen serkerdelere şadatnamalar gowşuryldy.

Gullugymyzyň düzüminde serhetçi serkerdelere hünär derejelerini ýokarlandyrmakda ähli mümkinçileri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys.

 

Ýalkapberdi Berdimyradow.

  • 82
  • 07.02.2021