MAKALA

Edermen serhetçi

Goraýar mukaddes topragy-ýeri,

Serhetde edermen serhetçi barka.

Asuda gijäni, ak säherleri,

Serhetde edermen serhetçi barka.

 

Öňe barýar ýurdum has-da joş alyp,

Ýetiler kän sepgitler aşylyp.

Parahatdyr Asman, güllär ýaşaýyş.

Serhetde edermen serhetçi barka.

 

Gögär gujagyňdan gülleň şalygy,

Çalar durmuş bagtyýarlyk sazyny.

Gorar ak gyşyny, elwan ýazyny.

Serhetde edermen serhetçi barka.

 

Serdar Rejepow.

 

Esger ýüregi

 

Goragynda durup Garaşsyz ýurduň,

«Watan» diýip urýar esger ýüregi.

Şu gün, gelejege ýalkymly nurdur,

«Watan» diýip urýar esger ýüregi.

 

Parahatlyk, dostluk — dilinde aýdym,

Ruhubelentleriň maksady aýdyň.

Pederden mirasly, paýhasa baýdyr,

«Watan» diýip urýar esger ýüregi.

 

Aşyk, gözel iliň dag-u-düzüne,

Topragyn dyz epip, sylýar ýüzüne.

Wepalydyr eden kasam, sözüne,

«Watan» diýip urýar esger ýüregi.

 

Arkadag wesýetin, sargydyn tutýar,

Şabaz-şabaz bedew atlary çapýar.

Il-gün hem olara guwanyp bakýar,

«Watan» diýip urýar esger ýüregi.

 

Ryza Nurmyradow.

 

Kalbym saňa söýgiň derýasy, Watan!

 

Sen daşymyň hem başymyň penasy,

Bolduň dillerimiň senasy, Watan!

Ata-babalarmyň guran binasy —

Munda barlygmyzyň güwäsi, Watan!

 

Ýaşyl Tug öňünde dyzyma çöküp,

Alnyma sylanym üç ýola öpüp.

Tapmaryn sen deýin dünýäni söküp,

Sen dünýä içiniň dünýäsi, Watan!

 

Eždatlarmyz ötdi jan-tenden söýüp,

Bir gysym gumuňy mukaddes saýyp.

Seni söýmän bilmek — aýypdyr-aýyp,

Kalbym saňa söýgiň derýasy, Watan!

 

Serhetçi ruhumy tutup belentde,

Watana wepaly borun, elbetde!

Watanyň başlanýan ýeri — serhetde

Ýüregim urup du:r telwasy, Watan!

 

Maksat Açilow.

  • 60
  • 07.02.2021