MAKALA

Bäsleşikleriň jemi jemlenildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň arasynda «Ýylyň terbiýeçisi» we «Ýylyň psihology» atly bäsleşikleriň jemi jemlenildi. Harby bölümleriň serkerdeleriniň işjeň gatnaşan bu bäsleşikleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçirildi. Onuň baş maksady, terbiýeçi hem-de psiholog serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şahsy düzüm bilen işleşmegi içgin öwrenmegi gazanmak, olaryň arasynda terbiýeçilik işleriniň geçirilişini kämilleşdirmek, şeýle hem hünärine ukyply, ezber serkerdeleri ýüze çykarmak, tapawutlanan harby gullukçylara mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bäsleşiklerde serkerdeler harby bölümlerinde ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemi boýunça harby düzgün-tertibiň ýagdaýy, geçirilen terbiýeçilik, wagyz-nesihat hem-de ahlak-psihologik çäreleriň netijeleri, köpçülikleýin çärelerini geçirýän otaglarynyň ýagdaýy, şeýle-de paýlanyp berlen mowzuklar boýunça taýýarlan referatlaryny aragatnaşyk tory arkaly hödürlediler. Hödürlenen işler, ýazylan referatlar eminler topary tarapyndan seljerilip, ýeňijiler kesgitlenildi. Ýeňiji bolan serkerdelere Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Ýylyň terbiýeçisi» atly bäsleşigiň netijesi boýunça Ýazberdi Ataýew baş baýraga, Atamyrat Abdyjepbarow 1-nji, Maksat Gurbow 2-nji, Merdan Annaýew 3-nji orny eýeledi. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, «Ýylyň psihology» bäsleşiginde baş baýraga Mergen Mammylow, Annamyrat Gylyjow 1-nji, Sähet Kurbanow 2-nji, Gurbannazar Amangeldiýew dagy 3-nji orna mynasyp boldy.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 78
  • 07.02.2021