MAKALA

Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

 

Türkmen halkynyň orta asyrlar taryhy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täzeçe garaýyş bilen öwrenilmäge başlandy. Türkmen halkynyň ýeňişli ýollarynyň wakalaryny özünde jemleýän orta asyrlar döwründe halkyň ykdysady derejesi bilen birlikde, medeniýet, edebiýat, ylym-bilim ösüpdir. Türkmenistanyň uly söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmeginiň netijesinde, orta asyrlarda türkmen döwletlerinde döredilen şäherler sebitiň syýasy, ykdysady we medeni merkezlerine öwrülip, Ýewraziýa siwilizasiýasynda aýratyn orun eýeläpdir. Hormatly Prezidentimiz bu taryhy döwre aýratyn ähmiýet berip, şeýle belleýär: «Orta asyrlar adamzadyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikler gazanylan eýýamdyr».

Seljuklar dinastiýasynyň düýbüni tutan saltyklar nesli gelip çykyşy boýunça oguz türkmenleriniň gynyk urugyndandyr. Diýmek, seljuklar oguz türkmenleriniň bir şahasydyr. Ylmy edebiýatlarda seljuklar dinastiýasynyň gelip çykyşy barada iki maglumat bar. Birinji maglumat, XI asyrda näbelli awtor tarapyndan ýazylan «Mäliknamada» Seljugyň kakasynyň Tokakdygy aýdylýar. Ikinji maglumat bolsa, Zahir ed-Din Nişapurynyň XII asyrda ýazan «Seljuknama» eserinde dinastiýany esaslandyran adam Kerikuçi hojadyr. Ol, takmynan, IX — X asyryň birinji ýarymynda ýaşapdyr. Kerikuçi hojanyň Tugşurmyş atly oglundan 3 ogly: Sarçyk, Togrul we Arslan dünýä inipdir. Sarçyk Tokak Seljugyň kakasydyr, ýöne seljuklar meselesi bilen gyzyklanýan alymlaryň köpüsi Tokagy Seljugyň kakasy hasaplaýar. Seljuk kämillik ýaşyna ýetende, ýabgu (patyşa) ony emirlige belleýär we oňa sübaşy (emir, goşunbaşy) çinini berýär. Ýabgunyň hereketlerinden närazy Seljuk onuň garşysyna birbada çykyp bilmejekdigini aňyp: «Mallarymyza öri meýdany darlyk edýär» diýen bahana bilen, öz kowmuny alyp, täze mekana göçýär. Olar Jent sebitinden Syrderýanyň orta akymlarynda mesgen tutýarlar. Şeýlelikde, X asyryň ortalarynda Garadagyň eteklerinde, gadymy oguzlaryň ýurdunda seljuklar dinastiýasynyň düýbi tutulýar. Ony esaslandyryjy Seljuk X asyryň başlarynda dünýä inipdir. Käbir maglumatlara görä, ol 1010-njy ýylda 107 ýaşynda aradan çykypdyr we Jent topragynda jaýlanypdyr. X asyryň ahyrynda seljuklar uly birleşmä öwrülipdir. Bu döwürde olaryň hataryna gelip çykyşy boýunça biri-birine ýakyn oguz-türkmen we beýleki taýpalar hem goşulypdyr.

Dinastiýany esaslandyryjy Seljugyň 4 ogly: Ysraýyl (Arslan), Mikail, Ýunus we Musa bolupdyr. Ysraýylyň syýasy durmuşda uly agramy bolmandyr. Mikail hem ir aradan çykypdyr. Seljugyň kiçi ogly Musa ýabgu Kalýan diýipdirler. Seljuklar dinastiýasynyň güýçlenen döwründe ony dolandyrmakda Seljugyň kiçi ogly Musa, agtyklary, esasan hem, Mikailiň ogullary Togrul beg, Muhammet hem-de Çagry beg (Dawut) daga esasy orun degişli bolupdyr.

X asyrda oguzlar ikä bölünýär. Olaryň demirgazyk (Ýanykent) toparyna öňküsi ýaly «oguzlar» diýseler, günorta bölegine «seljuklar», gündogarly awtorlar bolsa olara «türkmenler» diýip at berýärler.

Seljuklar nähili ýagdaýda öňe saýlanyp, täze dinastiýany esaslandyrypdyrlar? Onuň sebäpleri näme bilen bagly? Alymlar seljuklaryň öňden bäri oguz hanlaryna ýakyn bolmagyny olar üçin nesilşalyk (dinastiýa) esaslandyrmaga deslapky şert hasaplaýar. Beýleki tarapdan, olaryň öňe saýlanmagy yslam dinini kabul etmegi, olaryň harby-ykdysady meselelere has ukyply ýolbaşçylyk etmegi bilen baglydyr.

XI — XII asyrlar seljuklaryň asyry. XI asyryň 20-nji ýyllarynda olar iki dogan — Çagry hem-de Togrul begiň baştutanlygynda Buhara welaýatynyň Nur Buhara diýen daglyk etrabyna göçüp barýarlar. Olaryň töweregine oguz iliniň beýleki türki taýpalarynyň birleşmegi güýçlenýär. Merkezi Gazagystanda, Hazaryň kenarlarynda, Uly Balkandyr Maňgyşlakda ýaşaýan oguz türkmen taýpalary birleşýär. Uly harby güýje öwrülen bu birleşme seljuklaryň baştutanlygyndaky türkmen ilini döredýär.

Seljuklar kem-kemden günorta, häzirki Türkmenistanyň ýerine süýşüp ugrapdyrlar. Olaryň bu hereketi iki döwlet, ýagny X — XI asyrlaryň sepgidinde Garahanlylar hem-de Gaznalylar döwleti bilen baglanyşykly. Bu wakalardan soň Mawerenahyrdaky Seljuk türkmen döwleti iki topara bölünipdir. Olaryň bir topary häzirki Türkmenistanyň ýerlerine, takmynan, 1025-nji ýylda aralaşyp başlaýar. Şol wagt seljuklaryň diňe bir topary, ýagny Ysraýylyň ili göçüp gelipdir. Seljuklar Horasany dolandyrýan gaznalylaryň üstüne wekil iberip, olardan özlerine Horasan ýerlerine göçüp barmaga razylyk bermegi haýyş edipdirler. Öz nobatynda, olar gaznalylaryň hyzmatynda bolup biljek gowy nökerleriniň bardygyny hem-de dowara baýdygyny ýazypdyrlar. Mahmyt Gaznalynyň razylygy boýunça olara çarwaçylyk we ekerançylyk üçin mes toprakly Sarahs, Abywerd we Ferawy ýerlerinde ornaşmak miýesser edipdir. Bu göçhä-göçlükde seljuklara Ýagmyr, Buka, Göktaş we Gyzyl ýolbaşçylyk edipdirler.

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory.

Agajan Ataýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.

  • 65
  • 07.02.2021