MAKALA

Internetsiz terjime ýola goýuldy

«Google Play» dükanynda 500 milliondan gowrak ýüklenilip alynýan «Google Lens» programmasy ilkinji gezek «Google I / O 2017» işe girizilýär. Programma «Google Play» dükanynda 2018-nji ýylyň iýun aýynda çykypdy. Bu döwürde teksti terjime etmek funksiýasy diňe internete birikdirilende elýeterli bolýardy. Ýöne golaýda «Google» köpden bäri garaşylýan täzeligi habar berdi. Ýagny mundan soň, internetsiz ýagdaýda-da terjime etmek mümkinçiligi hem programma goşuldy. Bu proses awtomatik we tapgyrlaýyn amala aşyrylýar, funksiýany ulanmak üçin ilki bilen programmany açmaly, soňra terjime bölümini we gerekli dilleri saýlamaly. Ondan soň, bu funksiýany oflaýn, ýagny internetsiz hem ulanyp bilersiňiz.

 

zamanturkmenistan.com

  • 77
  • 07.02.2021