MAKALA

Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

 

1025 — 1035-nji ýyllar seljuklaryň Horasanda uly güýje öwrülen ýyllarydyr. XI asyryň 30-njy ýyllarynyň başlarynda seljuklaryň esasy bölegi Mawerannahyrda, aýratyn-da, Buhara etraplarynda ýaşaýardy. Togrul begiň ýolbaşçylygyndaky seljuklar 1034-nji ýylda Horezmden Merw we Nusaý taraplaryna göçüp başlapdyrlar. Şeýlelikde, Günorta Türkmenistanda seljuklaryň hemmesi birleşýär. Olar häzirki Türkmenistana tarap süýşüp, ata watanyna dolanyp gelipdiler. XI asyryň 30-njy ýyllarynyň ortalarynda gaznalylar dinastiýasynyň gowşaýanlygy hemmelere aýan bolupdy. Ol, esasan-da, Mahmyt Gaznaly (998 — 1030) ölenden soň, göze görnüp durdy. Seljuklar garyndaşlary bilen birleşip, ymykly ýurt edinmäge ymtylýardy. Şeýle maksat edinen seljuklar 1036-njy ýylda ýene bir gezek özlerine Merw, Sarahs, Abywerd etraplarynda ornaşmaga razylyk bermegini gaznaly soltanyndan haýyş edip, wekilden hat ýollaýarlar. Özleriniň gaznaly raýatlygyna geçmäge, olara salgyt tölemäge, şeýle-de goşunda gulluk etmäge taýyndygyny aýdýarlar.

Daňdanakan söweşi türkmen halkynyň orta asyrlara degişli döwrüniň iň bir esasy wakalarynyň biri hasaplanylýar. Bu barada taryhçylar juda köp maglumatlary ýazypdyrlar. Bu söweş netijesinde, seljuklaryň günorta Türkmenistana gelmek meselesi doly gutarýar. Bu söweşiň taryhy baradaky maglumatlar seljuklaryň üstün çykandyklaryny belleýärler. Orta asyrlaryň taryhçylary Beýhaky, Ibn Esir, Nişapury we beýlekiler seljuk türkmenleriň bu ýeňşine uly baha berýärler. Daňdanakan söweşi seljuk türkmenler dinastiýasynyň taryhynda uly ähmiýete eýedir. Daňdanakan söweşi türkmen halkynyň taryhynda ilkinji merkezleşdirilen uly döwletiň — imperiýanyň başlangyjy. Bu ýeňişden soň seljuk soltanlary Togrul beg Nişapurda, Çagry beg bolsa Merwde soltan diýlip yglan edilýär. Soňra seljuklar Horezmi hem eýeleýärler. Orta asyrlaryň taryhçylary Daňdanakan söweşiniň ähmiýetine uly baha berýärler. Sebäbi bu söweşden soň seljuk türkmenler özleriniň gadymy watanyna — günorta Türkmenistana dolanyp gelip, bu toprakda özleriniň döwletini berkarar etdiler. Aýratynam, bu söweşiň gidişi, onuň ähmiýeti barada Gaznaly türkmen döwletiniň taryhyny başdan aýagyna çenli ýazan taryhçy Beýhakynyň maglumatlary has hem gyzyklydyr we manylydyr.

Orta asyrlaryň taryhçylarynyň ýazmaklaryna görä, meşhur türkmen şahsyýeti, danyşment — alym Mäne babany döwleti esaslandyran doganlar — Çagry beg we Togrul beg uly hormat bilen Merwe çagyrýarlar. Şol wakalardan soň meşhur Mäne baba bu döwletiň gülläp ösmegi, olaryň geljekki dolandyryşlarynyň şowlulyklary üçin ak pata berýär. Orta asyrlaryň kuwwatly türkmen döwletleriniň biri bolan Beýik Seljuk türkmen döwleti gadymy türkmen topragynda esaslandyrylýar. Şeýlelikde, bu döwlet sebitiň we dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwrülýär.

Bu döwleti berkarar eden iki doganlar — Çagry beg we Togrul beg öz döwrüniň meşhur serkerdeleridir. Döwletiň tugunda bu iki doganyň hormatyna iki kelleli bürgüdiň şekillendirilendigini orta asyrlaryň taryhçylarynyň aglabasy belleýärler. XI asyryň 40-njy ýyllarynda türkmen halkynyň taryhynda täze döwür başlanýar. Beýik serkerde Togrul begiň ýolbaşçylygynda seljuklar Eýrana, soň Zakawkazýä, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna tarap süýşüp başlaýar. Olar gysga wagtyň içinde Gürgendir Tatarystany düzümine girizýärler. Yragyň köp ýerlerinde agalygyny dikeltmek bilen, Togrul beg soltanyň goşunlary 1055-nji ýylda Bagdady hem eýeleýär.

Belli türkmen serkerdeleri Çagry beg 1059-njy ýylda Merwde, Togrul beg 1063-nji ýylda Reý şäherinde dünýäden ötýär. Bu döwlet soltanlar Alp Arslanyň (1059-1072) we onuň ogly Mälik şanyň (1072-1092) döwründe has-da gülläp ösýär. Alp Arslan döwründe seljuklar Ermenistany (1064) eýeläp, Gruziýa döwletine ýörişleri guraýarlar. 1071-nji ýylda Wizantiýanyň goşunyny kül-peýekun edip, onuň imperatory Roman IV Diogeni ýesir alýarlar. Bu ýeňişden soň seljuklar Kiçi Aziýany tabyn edip, 1072-nji ýylda Gündogarda Buharany eýeleýärler. Alp Arslan agyr ýara zerarly şol ýyl aradan çykýar. Çagry begiň agtygy Mälik şanyň döwründe (1072-1092) imperiýanyň çäkleri has-da giňeýär. Ol gündogarda Kaşgardan, günbatarda Ortaýer hem Mermer deňizlerine, demirgazykda Gara deňizden, Kawkaz dag gerişlerinden Aral deňzine, günortada bolsa Pars aýlagyna çenli aralygy öz içine alýar. Şeýlelikde, Seljuk türkmen döwleti XI asyryň ikinji ýarymynda dünýäniň iň güýçli döwletleriniň birine öwrülýär. 1092-nji ýylda 38 ýaşynda Mälik şa aradan çykýar. Bu imperiýanyň iň soňky güýçli soltany Sanjardyr (1118-1157). Onuň döwründe aýry-aýry türkmen toparlary Müsüre, hat-da Ortaýer deňziniň kenarlary bilen Ispaniýa çenli baryp ýetýärler. Seljuklaryň Afrikanyň demirgazygyndan, ýagny Magrib ýurtlarynyň üstünden Pireneý ýarym adasyna baryp ýetişi barada abissin çeşmelerinde gymmatly maglumatlar berilýär.

Bu döwlet jahan döwletine öwrülensoň, ony dolandyrmak, edara etmek üçin berk, kämil, durnukly ulgam gerek bolupdyr. Sebäbi bu döwlet çäk tarapdan örän giň, uly bolup, onuň düzümine köp milletler giripdirler. Kämil dolandyryş ulgamyny düzmek we ony ýola goýmak babatda köp işler döwletiň ilkinji soltanlary Çagry beg we Togrul bege degişlidir. Bu jahan döwleti köp milletli bolany üçin, ony ýerli milletleriň talaby we erk-islegi esasynda dolandyrmakda ilkinji soltanlaryň biri Togrul beg köp işleri durmuşa geçiripdir. VI — VII asyrlardan başlap uly şäherleri dolandyryjy adamlara «mälik» adyny beripdirler. Oguz-seljuk döwürlerinde Horasan, Merw, Nusaý, Sarahs, Köneürgenç, Nişapur, Abywerd ýaly şäherleri mälikler dolandyrypdyr. Seljuklar döwründe ýerden-suwdan peýdalanmagyň ikta görnüşi peýda bolýar. Şeýle ýeri, suwy alýan adama iktadar diýipdirler. Ikta iki görnüşde bolupdyr. Ol, bir tarapdan, goşunda gulluk edýän nökerlere berilýän ýer-suw paýydyr. Bu oguzlar döwründäki atlyga meňzeş sistema. Serkerdelere, subaşylara, atlykbaşylara berilýän iktanyň möçberi uly bolupdyr. Iktadar öz ýerlerinde işletmek üçin hakyna adam tutupdyr ýa-da ýer-suw paýyny kärendesine beripdir. XI — XII asyrlarda Mawerannahyrda, Eýranda, Günorta Türkmenistanda ikta wagtlaýyn peýdalanylýan ýer-suw paýy nesle geçýän hukukly eýeçilige (mülke) öwrülýär.

(Dowamy bar)

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory.

Agajan Ataýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.

  • 49
  • 11.02.2021