MAKALA

Döwrebap innowasion merkez

«Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti ýokary hilli innowasion hyzmatlary amala aşyrýar we täze çözgütleri işläp taýýarlaýar

 

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipelerini durmuşa geçirmek, ýurdumyzda internet ulgamyny ösdürmek we ýaş hünärmenleri ýetişdirmek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary netijesinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen bilelikde döredilen «Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki wagtda innowasiýa tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy başlangyçlaryny ileri tutmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamak maksatlaryndan ugur alýan maksatnamalaýyn işleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýete geçmek işi kompýuterleşdirilen serişdeleri we inženerçiligi doly ele alan hem-de innowasiýalary işläp düzmegi başarýan ýaş hünärmenleri talap edýär. Bu ugruň ösmegi üçin «döwlet-jemgyýet-ylym-işewürlik» gatnaşyklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Hojalyk hasaplaşygynda işleýän bu maglumat tehnologiýalar meýdançasynda hünärmenleriň we talyp ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, tejribe alyşmaga hem-de programma üpjünçiligi babatda bilim almaga ähli mümkinçilikler döredilendir.

Bu ýerde amala aşyrylan taslamalaryň arasynda ýaş hünärmenler tarapyndan işlenip düzülen «Orta mekdepler üçin sanly ulgam», Türkmenistanyň Futbol Federasiýanyň resmi saýty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň toruna synagdan geçirmek maksady bilen ornaşdyrylan «Elektron resminama dolanyşygy» ýaly programmalar bellenilmäge mynasypdyr. Ýeri gelende bellesek, dürli derejeli ylmy-taslama bäsleşikleriniň ýeňijileri, innowasiýany işläp düzüji ýaş alymlaryň ýerine ýetiren sanly ulgam boýunça başlangyçlary şu merkez tarapyndan degişli ýerlerde synag önümçiligine goýberilip, oňyn netijeler gazanylýar. Bu ýerde türkmen ýaşlary innowasiýa kärhanalaryna hem-de täze önümçilige başlan kiçi kärhanalara goldawy we hyzmat etmegi üpjün edýän serwis, täjirçilik-inkubator, dürli taslamalar, tehnologiýalaryň alyş-çalyş hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýärler.

Ýakynda bolsa bu merkeziň ýaş agzalary tarapyndan okuw maksatnamasynyň sanly ulgamda alnyp barylmagyna bagyşlanan «Ukyply» programmasy işlenip düzüldi. Onlaýn okuw sapaklary guramaga niýetlenen bu programmada ynsanperwer we takyk ylymlara degişli dersler boýunça mugallymlaryň çykyşlary şekilli we teswirli görnüşler arkaly ähli öwrenijilere (okuwçylara, talyplara we diňleýjilere) hem-de bilim işgärlerine hödürlenýär. Bu sanly taslamanyň üsti bilen mugallymyň we okuwçynyň arasyndaky göni wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn sapaklar amala aşyrylýar. Sapaga onlaýn arkaly gatnaşyjy bu ýerde degişli sapaklaryň temalarynyň wideo maglumatlaryny özüne tölegli esasda ýükläp almaga, islendik wagtda peýdalanmaga we özleşdirmäge mümkinçilik alyp bilýär. Bu programmanyň işlenip düzülmegi ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny durmuşa ornaşdyrmagyň ýolunda we berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagynda täze usulyýetdäki netijeli ädimdir.

Bulardan başga-da, olar maglumatlary goramak bilen bagly «Maglumat zynjyry», gündelik wakalar we hojalyk zähmeti bilen bagly durmuş ulgamyna degişli «Akylly taslama», «Hoş geldiňiz!» ýaly sanly taslamalary düzmek arkaly uly üstünlikler gazanýarlar. Munuň özi ata Watanymyz Türkmenistanda sanly özgertmeleri amala aşyrmaga mynasyp goşant goşjak kämil hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Aganepes Akummedow,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

  • 52
  • 17.02.2021