
Gözlegim
Men seni guş bolup tapyp bilmerin,
Kötelli ýollarda ganatym gyryp.
Mümkin, al-Asmandan ýere inerin,
Mümkin, seň ýanyňa bilmerin baryp.
Men seni gyş bolup tapyp bilmerin,
Gardyr ýagyş bilen ýitirip erkim.
Seni «söýgim» bilen bagryma basyp,
Söýgimiň pidasy etmegim mümkin.
Men seni ýaş bolup tapyp bilmerin,
Siňdirip özüme durmuşyň gamyn.
Ahmyrly günleriň damjasy deýin
Seniň gözleriňden asla gaçmaryn.
Men seni gözlärin alys ýerlerden,
Soňky deme çenli özüm aýaman.
Sen şeýle wepaly... şoň üçin seni
Diňe özüm bolup taparyn hökman.
Men hökman gelerin
Eduard Asadowdan
Asman ýyldyzlaryn bir-birden sanap,
Ukusyz gijeler düşsem ýadyňa.
Ýörärin, ýüzerin... başymy çarap,
Men hökman gelerin seniň ýanyňa.
Eger ýaşlyk edip, bir juwan ýigit,
Ýürek syrlaryny açaýsa saňa.
Gazap tanapyny söýgime çigip,
Men hökman gelerin seniň ýanyňa.
Adamçylyk-da bu, günlerde bir gün
Sawçylar söz aýtsa ene-ataňa.
Arkaýyn bol, seni özgä bermerin
Men hökman gelerin seniň ýanyňa.
Bu günler geçip dur, damja deý damyp,
Garrylyk huşumy başymdan alsa.
Geçen her pursady ýadyma salyp,
Men hökman gelerin seniň ýanyňa.
...Ýöne öz goýnundan ýer berse Zemin,
Senem giň topragy bassaň bagryňa.
Bagyşla, ezizim, bagyşla meni,
Baryp bilmeýänim üçin ýanyňa.
Soňky söz
Ýok... ezizim, saňa «Saklan!» diýmerin,
Ýogsa, bu meň üçin däldirem aýyp.
Men söýgimi pida edip bilmerin
Seň öňüňde dyza çöküp-ýalbaryp.
Gyýylma, gamlanma, süzme gözleriň,
Ýaralanan göwne öwgi gerek däl.
Men dünýäden öz söýgimi gözledim,
Maňa nebsagyrjy söýgi gerek däl.
...Söýgimiziň çözgüdini bilemok,
Gursagymda owaz edýär şol bir ses:
Ýa seň menden dönmegiňe sebäp ýok,
Ýa men senden juda-juda-juda pes.
Gabanjaň ýigidiň haty
Gabanýaryn, ol hem söýýänim üçin,
Nädeýin, bu meniň köne endigim.
Men barybir hasaplaýan her gezek,
Iki-ikiň dörtdügini bilsemem.
Ýogsam, üýtgemezem söýgimiz deýin
Arifmetikanyň köne mysaly.
Ýöne üstün çykyp, köne endigim
Göwnüme bir gün ol bäş boljak ýaly.
* * *
Düşünemok. Pikirlendim juda kän,
Ýogsa menem dünýäň alyna belet.
Sen meniň ýüregme ot goýduň, dünýäm,
Ýüregim ojakmy ýa ýanmaly et?!
Bilemok. Meň üçin indi bary deň,
Özgäň ýüregine berýärkäň mähir.
Seni unutmaklyk soňky deme deň,
Unutmazlyk bolsa ondanam beter...
Gitseň...
Gitseň, ökünmerin,
ýazgydym bilen
Ýaşaryn ýüregme edip bilsem erk.
Gitseň, Bethoweniň roýaly deýin
Minor perdesinde gürsüldär ýürek.
...Gitseň, müdimilik ýüzüň sowup git,
Ejizlik etmerin, diýmerin «Dolan!»
...Gitseň, ýüregimden yzyň pozup git,
Başga biri gelmez ýaly şol ýoldan.
Maksat Seýitliýew.
