MAKALA

Watana gulluk etmek mukaddes borç

Her gezek taryhy kitaplary elime alyp, onuň saralyp giden sahypalarynda orun alan türkmen serkerdeleriniň görkezen edermenlikleri hakynda ýazylan maglumatlary okanymda, Watan üçin şirin janlaryny orta goýup, ene topragyň her daban ýerini hem gözleriniň göreji ýaly goran edermen ýigitlerimiziň görkezen gahrymançylyklary edil kinofilme tomaşa edýän ýaly göz öňümde janlanýar. Hawa, dünýäniň syýasy kartasyna göz aýlasaň, beýik şahsyýetlerimiziň guran, döreden döwletleri biygtyýar seriňe dolýar. Türkmen halkymyz diňe bir gurmak, döretmek däl, ony goramagyň hem hötdesinden gelýän millet. Muny taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan gymmatly maglumatlar doly subut edýär.

Watan söýgüsi hakynda gürrüň gozgalsa, kitap sahypalarynda ýazylan şeýle sözler ýadyma düşýär: «Türkmenler beýleki milletleriň arasynda Watan söýgüsini iň ýokary derejä göteren milletdir. Çünki olaryň häsiýetinde we damarynda gan däl-de, öz ýurduna, topragyna, Watan suwuna bolan duýgular akýandyr». Hakykatdan-da, Watana bolan çäksiz söýgi türkmeniň ganynda aýlanýar ahyryn. Munuň şeýledigine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde hereket edýän serhet birikmelere, serhet galalara döredijilik iş saparyna gidenimizde hem magat göz ýetirýäris.

Ýürekleri «Watan» diýip urýan edermen serhetçilerimiz özlerine ynanylan wezipäni ak ýürekden ýerine ýetirip, ýurdumyzyň asudalygyny, parahatlygyny, mukaddes Watanymyzyň dost-doganlyk serhetlerini goramakda hüşgärligi elden bermeýärler. Muny olaryň gulluk alyp barýan pursatlaryny synlanyňda-da, şaýat bolýarsyň. Uzak menzilleri aşyp, Watanymyzy bagryna gysyp oturan daglaryň çylşyrymly ýollaryny külterläp, ene toprak bilen bagry badaşyp ýatan Garagum sährasynyň täsinliklerine şaýat bolup, mukaddes serhedimizi goramagyň özi uly bagt ahyryn. Öz harby gulluklarynda hüşgärligi elden bermän ata Watanyň goragynda durup, ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny goramakda gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýan harby gullukçylarymyzy ýatlamak bolsa diýseň ýakymly.

Ynha, Gullugymyzyň harby bölüminde hem gulluklaryny üstünlikli alyp barýan harby gullukçylarymyz Wepa Italmazow, Begenç Muhammedow, Babul Gahrymanow dagylar ata Watanymyzyň dost-doganlyk serhetlerini goramaga özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Harby gullugyny üstünlikli ýerine ýetirip, ata Watanyň, mukaddes Tuguň, il-halkyň öňünde eden harby kasamyna ygrarly bolup, ýurdumyzyň serhet araçäklerinde öz gulluklaryny üstünlikli alyp barýarlar. Harby gulluklaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen merdana serhetçilerimize ähli mümkinçilikler döredilen. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan merdana serhetçilerimiz bolsa harby gulluklaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Kakamyrat Baýjanow,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy:

— Öten akyldarlaryň eserlerinde şeýle bir jümle bar: «Üç zada hyzmat eden owal-ahyr bagtyýar bolar: Haka hyzmat eden, Watana hyzmat eden, ata-enä hyzmat eden». Türkmen halkynda bu üç mukaddeslik hem jemlenen diýsek ýalňyşmarys. Watany goramak hem türkmene mahsus häsiýet. Türkmen üçin Watan ilkinji mukaddeslik. Ol öz ata Watanyny, ene topragyny hiç zada çalyşmaýan millet. Sebäbi türkmen özüniň geljekki bagtyny Watanynda hasyl edip, rysgyny hem şondan tapýar ahyryn. Watana hyzmat etmek iň sogaply kärleriň biridir. Häzirki wagtda Watan goragçylaryna hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen gulluk etmäge, ýaşamaga, hünär öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Gullugymyzyň düzüminde hereket edýän serhet birikmeleri, serhet galalary üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän harby tehnikalar, enjamlar yzygiderli satyn alnyp berilýär. Bulardan başga-da, serhet birikmämiziň düzüminde hereket edýän serhet galalarynda harby gullukçylaryň bökdençsiz gulluk alyp barmaklary nazarda tutulyp, ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap lukmançylyk nokadynyň, kitaphananyň, ýatakhananyň, naharhananyň, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň doly derejede göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemelidiris. Ýurt goragçysyna şeýle uly mümkinçilikler döredilýärkä, oňa diňe ata Watana, ene topraga togap edip, ak ýürekden gulluk edäýmek galýar. Biz — harby gullukçylara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Arazmuhammet Baýlyýew,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy:

— Watan hakynda söz açylsa halypamyň şu sözleri ýadyma düşýär: «Adamlar öz Watanyny näçe söýseler ol ýere rysgal-bereket gözbaşy egsilmeýän derýalar kibi guýlar durar. Watana, halka ak ýürekden hyzmat eden adamyň ýedi arkasy döwlet tapar. Watana gulluk etmek, Watany söýmek ynsany hakyky kämillige ýetirer. Watana gulluk etmek — Taňra ybadat etmekdir. Watany söýmek — Ýaradany we barlygy, ähli gözelligi söýmekdir. Söýüp bilmek bolsa bagtlylykdyr».

Ynha, şeýle sözlerden ruhlanyp, ata Watanyň goragynda durýan ýurt goragçylaryna Diýarymyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dürli ýerlerinde döwrebap serhet birikmeleri, serhet galalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Gulluk alyp barýan serhet galamyzda çagyryş boýunça harby gullukçylara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, harby türgenleşikleri alyp barmaga ähli şertler bar. Serhet galamyzyň serkerdeleri, çagyryş boýunça harby gullukçylary Döwlet serhet gullugymyzyň düzüminde geçirilýän sport ýaryşlaryna, döredijilik bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Harby gullukçylarymyzyň gazanýan ýeňişleri olaryň hünärine bolan söýgüsini, harby gullugyna bolan höwesini has-da artdyrýar. Biz — harby gullukçylara şeýle döwrebap serhet galasynda harby gullugymyzy üstünlikli alyp barmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Ýazga geçiren Selbi Aşirowa.

  • 50
  • 17.02.2021