MAKALA

«Bawariýa» 2020-nji ýylyň 6-njy kubogyny-da gazandy

Germaniýanyň «Bawariýa» topary 2020-nji ýyldan galan soňky kubogy-da eýelemegi başardy. Münhenliler UEFA Çempionlar ligasy hem-de Super Kubogyndan soň, geçen ýyldan galyp, şu ýyla süýşürilen FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogynda-da ýeňiş gazandy. Katarda oýnalan ýaryşyň finalynda Meksikanyň «UANL Tigres» toparyny Benžamin Pawaryň 59-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, «Bawariýa» 2013-nji ýyldan soň ikinji ýola FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogynyň çempionlygyny gazandy. Galyberse-de, «Bawariýa» 2020-nji ýyla degişli ýerli 3 kubokdan soň halkara ýaryşlardaky 3 kubogy-da asmana göterdi.

Ýaryşyň iň ökde oýunçysy diýlip, «Bawariýanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski saýlandy. Bu ugurda 2-nji ýeri «UANL Tigresiň» fransuz hüjümçisi Andre-Pier Žinýak 2-nji, «Bawariýadan» Joşua Kimmih 3-nji ýeri eýeledi.

zamanturkmenistan.com

  • 32
  • 17.02.2021