MAKALA

Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

 

Seljuk türkmenleriň öz döwletiniň çägindäki ülkelerde, kähalatda öz ýurdunda-da şazadalara, uly wezipeli serkerdelere, döwlet işgärlerine ikta berilmegi geljekki mülk ýer eýeçiligi bolupdyr. Bu döwletde şertnamalaýyn berilýän we nesle geçýän mülk ýerleri hem döräpdir. Togrul hem-de Çagry begiň döwründen başlap, merkezleşdirilen döwleti dolandyryş ulgamy döredilip başlaýar. Kem-kemden kämilleşen we ägirt uly imperiýany dolandyrmaga ukyply bolan ulgam öňki, adaty jemagaty dolandyryş düzgüninden düýpgöter üýtgeşikdi. Oňa garamazdan, täze düzgün, esasan, merkezi dolandyryş ulgama degişlidi. Şonda belli bir derejede gadymdan gelýän däp-dessura eýerilýärdi. Ýerlerde bolsa merkezi döwlet dolandyryşynyň görkezmeleri esasynda işleýän oba jemagaty saklanyp galypdy. Bu döwletde harby reforma hem geçirilýär. Öňki meýletinçilere derek hemişelik hereket edýän berk tertip-düzgünli goşun döredilýär.

Musulman dünýäsindäki däbe görä, soltan Allatagalanyň merhemetli syny siňen Ýerdäki wekili hökmünde görlüpdir. Metjitlerde we medreselerde, jemgyýetiň bir ýere jemlenen ýerinde tagtda oturan soltanyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny Allatagaladan diläp, döwletiň hökümdarynyň adyna hutba dogasy okalypdyr.

Döwletiň hökümdary hasaplanylýan soltan baş wezirleri, orunbasar wezirleri, goşunyň esasy ýolbaşçylaryny, welaýatlaryň mäliklerini (häkimlerini, mäliklere köp çeşmelerde wäliler hem diýipdirler), döwletiň çägindäki ähli wezipeli adamlary belläpdir hem-de wezipesinden boşadypdyr. Döwletiň goşunynyň ýolbaşçysy soltanyň özi bolup, serkerdeleri özi saýlapdyr. Raýatlaryň günäsini geçmek wezipesi hem diňe soltanyň permandyr buýruklary bilen kesgitlenipdir. Hökümdar hasaplanylýan soltan döwlet wezipesindäki adamlary, beýleki islendik adamlary sylaglap we günäsini geçip bilipdir.

Beýik Seljuk türkmen döwletinde dolandyryş we edara ediş işleri, esasan, merkezde hem-de beýleki ýerlerde hereket edýän bäş diwan arkaly alnyp barlypdyr. Olaryň esasylarynyň biri «diwan-i hass» ýa-da «diwan-i ma» diýlip atlandyrylypdyr. Bu diwan ýa-da edara soltana degişli bolup, merkezde we beýleki ýerlerde iki wezipäni ýerine ýetiripdir. Onuň ilkinji wezipesi soltanyň kabulhanasy bolup hyzmat etmek bolupdyr. Şeýle-de soltana degişli emlägi goramaga we onuň girdejisini ýokarlandyrmak üçin ýörite işleri alyp barypdyr. Döwlet dolandyrylyşynda esasy diwanlaryň ýene biri «diwan-i tugradyr». Bu soltanyň ähli buýruklarydyr permanlaryny möhürläp, degişli ýerlere iberipdir. Bu diwanyň başynda durýan adama «tugrai» (möhürdar) lakamy berlip, ol döwletde soltandan we baş wezirden soň üçünji adam bolupdyr. «Diwan-i işrafa» hem Beýik Seljuk türkmen döwletiniň dolandyrylyşynda esasy diwanlaryň biridir. Bu soltana ýakyn bolan we wezipeli adamlaryň eden-etdiligini, olaryň kanun bozmalaryny hasaba alypdyr. Munuň başynda durýan «muşrif» lakamly adam soltana ýakyn ýa-da onuň garyndaşlaryndan bellenilip, ol özüniň ähli hasabatlaryny diňe soltana habar beripdir. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň döwlet dolandyryş ulgamynda esasy diwanlaryň ýene biri «Diwan-i arz al-jaýşdyr». Bu ýurduň içindäki harby işleriň diwany hasaplanylyp, ol harby gullukdaky adamlary ýarag, egin-eşik, azyk, harby türgenleşik wagty gerek bolan serişdeler bilen üpjün edipdir. Bu diwanyň başynda «Sahib-i diwan-i arz» lakamly adam durup, ol ýurtdaky harby hereket, goşun bilen bagly işlere ýolbaşçylyk edip, soltana we baş wezire hasabat beripdir. Bu döwletde döwletiň esasy regulýar goşunyna sipahiýan ýa-da sipahiýanlar, serhet goşunlaryna tajannidalar diýlipdir. Döwlet gaznasyndan bu ady agzalan goşunlara we ätiýaçdaky goşunlara gerek çykdajylaryň alynmagyna «Sahib-i diwan-i arz» lakamly adam jogap beripdir. «Diwan-i istifa» Beýik Seljuk türkmen döwletinde maliýe işleriniň alnyp barlyşyna gözegçilik edýän diwan bolupdyr. Bu diwanyň başynda durýan «Mustaufi» lakamly adamyň tabynlygynda hasapçylar we derňewçiler bolup, bu iki topar maliýe, salgyt ulgamynda esasy işleri alyp barypdyrlar. Hasapçylar topary döwletde bäş diwanyňam çykdajylaryny we girdejilerini hasaplapdyrlar. Derňewçiler hem maliýe we salgyt ulgamlarynda derňew işlerini alyp barypdyrlar. Hasapçylaryň we derňewçileriň ähli maglumatlary baş weziriň üsti bilen soltana habar berlipdir. Baş wezir ähli hasabatlary, maglumatlary wezirleriň jemlenen ýeri weziratda ýa-da baş weziriň diwany bolan «diwan-i alada» jemlenipdir. Olar soltana hasabat berilmänkä, beýleki wezirler bilen maslahatlaşypdyrlar. Wezirat ýa-da baş weziriň diwany bolan «diwan-i ala» bu döwletde ýokary dolandyryş edarasy, guramasy hasaplanypdyr. Bu döwletiň dolandyryş, edara ediş ulgamy orta asyrlardaky Garahanly, Gaznaly, Köneürgenç türkmen döwletleriniň dolandyryş we edara ediş ulgamlaryna käbir taraplary meňzese-de, ol köp aýratynlyklary bilen düýpgöter tapawutlanýar. Sebäbi araçäk tarapdan juda uly, ykdysady we medeni taýdan ýokarda ady agzalan döwletlerden has kuwwatly bolupdyr.

 

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň merkezi döwlet dolandyryş ulgamynyň gurluşy

 

Döwletiň soltan häkimiýeti

 

Diwan-i ala (wezirat)

 

Diwan-i tugra (döwlet kanselýariýasy);

Diwan-i istifa (girdeji, çykdajylaryň hasabyny ýöredýän diwan);

Diwan-i işraf (ýokary gözegçilik diwany);

Diwan-i arz al-jaýş (ýokary harby dolandyryş diwany).

 

Meretguly Öwlýägulyýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professory.

Agajan Ataýew,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.

  • 48
  • 17.02.2021