MAKALA

Bilim portallary — ýaşlaryň ýakyn ýardamçysy

Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim edaralaryny sanlylaşdyrmak bu gün ýurdumyzyň bilim ulgamynyň baş wezipesidir. Şuňa esaslanyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda sanly ulgama geçmek boýunça durmuşa geçirilen hem-de häzirki wagtda alnyp barylýan işler sanardan köpdür. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kömegi arkaly, bular barada biz köp maglumatlary okaýarys, görýäris, eşidýäris. Sanly ulgam hakynda söz açylanda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň resmi web-saýtlary barada gürrüň etsek has ýerlikli bolar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň resmi web-saýtlary döredilip, ýokary işjeňlikde hereket edýärler. Saýtlaryň her ýokary okuw mekdebiň maksadyna laýyklykda özboluşly dizaýn bezegi bar. Bellemeli zatlaryň biri, ol saýtlarda ilki bilen degişli ýokary okuw mekdebiň, onuň fakultetleriniň, kafedralarynyň, hünärleriniň taryhy barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilen. Özem saýtlaryň ählisinde diýen ýaly maglumatlar üç dilde ― türkmen, rus we iňlis dillerinde hyzmat edýär. Iň gyzykly ýerem, şol saýtlary degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlary, ýagny bagtyýar talyplar ýöredýärler.

Has içgin aralaşsak, web-saýtlara okuw-terbiýeçilik işlerini maksadalaýyk guramaklyk üçin degişli maglumatlar ýüklenen, şeýle-de günde degerli maglumatlar bilen olaryň üsti ýetirilip durulýar. Saýtlarda öz gönügýän ugruna laýyklykda ýörite sahypalar hereket edýär. Şolaryň esasynda mugallymlardyr talyplar degişli maglumatlar bilen öz isleglerini kanagatlandyryp bilýärler.

Degişli maglumatlar diýenimizde nämäni göz öňünde tutýarys: mugallymlaryň geçilýän okuw sapaklaryna degişli wideo, audio ýazgysyndaky leksiýalary; amaly, söhbet sapaklary; dersler boýunça ylmy-çeper kitaplaryň, ylmy monografiýalaryň, okuw gollanmalaryň, ylmy işleriň, nutuklaryň, referatlaryň, prezentasiýalaryň elektron nusgalary; çykyşlaryň, wideoşekilleriň ýazgylary we şuňa meňzeşler. Talyplar bulardan peýdalanmak arkaly, gündelik sapaklaryna taýýarlanýarlar, dersler boýunça referatlary, ýyllyk işlerini, ylmy işleri, diplom işleri ýazýarlar. Galyberse-de, bilim portallarynda uzak aralykdan okuw sapaklaryny, ylmy-amaly konferensiýalary, ylmy maslahatlary onlaýn görnüşinde guramak we geçirmek üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Şonuň ýaly-da web-saýtlarda elektron sözlükler, suratlar hem-de beýleki maglumatlardan peýdalanmak, olary dolandyrmak üçin ýörite funksiýalar hereket edýär. Şeýlelikde, bilim portallary döwrüň talabyndan ugur alyp, wagty tygşytly peýdalanmakda ýakyndan ýardam edýär.

Biz — ýaşlaryň okamagymyz, öwrenmegimiz, döwrebap bilim almagymyz, döredijilik bilen içgin meşgullanmagymyz üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde durmuşa ornaşdyrýan nusgalyk işleri elmydama rowaç alsyn!

Şirin Alymowa,

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby.

  • 59
  • 19.02.2021