MAKALA

Alkyş size Arkadag!

Bitarap, parahat, eziz Diýarym

Meniň şatlygymdyr gursagymdaky.

Bu gün taryplaýar dilleň hünäri:

«Watan ýüregmizde ýaşaýar baky»

Ýurdumyz parahat, ilim bagtyýar,

Alkyş size, şöhrat size Arkadag!

 

Ak guşlaryň ýaýan ganatlarynda,

Abadan ýaşaýşyň ýaňy duýulýar.

Uzak menzillerden salam getiren

Gökde durnalaryň heňi duýulýar.

Dünýä uzan ýollarymyz ýagtylýar,

Alkyş size, şöhrat size Arkadag!

 

Heňňamlardan kerwen gurap, ýol salyp,

Taryhymyz şöhle saçýar jahana.

Çeper elli gözelleriň hünäri,

Türkmeniň halysy meňzär bahara.

Hak halatly halky ykbal ýalkaýar,

Alkyş size, şöhrat size Arkadag!

 

Ak binalar bagtymyzyň keşbidir,

Ak ýollarda ýeňişleriň açary.

Goýny mydam ala-ýazdyr, keşdedir,

Nurly Günüň çoýup çogun saçany.

Ýüreklerde tükenmejek sarpa bar,

Alkyş size, şöhrat size Arkadag!

 

Ýaşyl ýaýlam ýaşyl Tuguň keşbinde,

Pasyrdaýar erkinlige nusgalyk.

Göwnüm seni wasp etmegiň yşkynda

Watanym gülleýär bagta beslenip.

Işlerňize ýüreklerde sarpa bar,

Alkyş size, şöhrat size Arkadag!

 

 

Bagtyýar iller

 

Bagtyýar illeriň dilinde alkyş,

Alkyş Watanymyň Arkadagyna!

Ýurdum gül-gülzarly owadan durmuş,

Seýl edeliň ylham känli bagyna.

 

Berkarar Watanym — Türkmenistanym,

Läle-reýhan bu gün, jenneti mekan.

Dillermizde aýdym bolup ýaňlanýar,

Gül deýin ülkämde bagtyýar mukam.

 

Jahana ýaň beren taryhy ýoluň,

Geçmişden ýol salan şu güne sary.

Aýlanyp sähraýy dag-u-düzüňe,

Sende kök urupdyr pederleň nury.

 

Bagtyýar illeriň dilinde sena,

Alkyş Danasyna, merdi-merdana.

Arkadaga sagbol diýýär ýaş ýürek,

Öwrenmäge ýol açdy her ynsana.

 

Aýly gije

 

Güneş dagdan aňry aşdy,

Asmanda Aý şugla saçdy.

Ir gülleýän alma ýaly,

Seret, ýene güller açdy.

 

Ýaz ýeline ak gülleriň,

Käbiriniň uçuşy deý,

Ýyldyz süýnýär, şat günleriň

Kalby mäkäm guçuşy deý.

 

Meniň bolsa ýeke özüm,

Şemli depäme garaýan.

Süzülse-de gara gözüm,

Asman göwnüme ýaraýar.

 

Gursagyňdan ýer berdiň sen,

Lemmer-lemmer bulutlara.

Durnalara per berdiň sen,

Olar asla unutmaýa.

 

Sende köpler tapdy bagtyn,

Hem ýitirdi golda baryn.

Aýly gije, saç sen ýalkym,

Wasp edeýin söýen ýarym.

 

Garagumuň alasy

 

Alty ganat ak öýli, syrgyn-syrgyn ili bar,

Güler ýüzli, sada, jomart, şirin zyban dili bar.

 

Asmanda tüýdüm-tüýdüm bulutlaryň keşbi bar,

Şirin heňli owazynda bilbilleriň yşky bar.

 

Alasynda taryhyndan okamaga nusga bar,

Her çillede haly kesip, al göllere beslenýän,

Bahary bar, ýazy bar.

 

Ýüpek ýoluň yzy galan takyrlaryň söýdügim,

Eždatlardan mirasyma altyn-genjim diýdigim.

 

Maňa mydam ylham beren ak ýagyşlaň duýdugym,

Ýelleriňden gül ysyny ysgap-ysgap doýdugym.

 

Boz jereniň uzaklardan süýnenini gördügim,

Towşanlaryň bökjekleşen yzyn synlap durdugym.

 

Kalba joşgun, mähir berjek Garagumuň alasy,

Sähram, senden uzakda däl, bagtyň, söýgiň arasy.

Baýnazar Baýhanow.

  • 47
  • 19.02.2021