MAKALA

Serhetçiler wagyz-nesihat çärelerini geçirýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlary serhetçileriň durmuşyna-da ýatdan çykmajak taryhy wakalary bagş edýär. Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde geçirilýän syýasy-medeni çäreler serhetçileriň durmuşyny hasam bezeýär. «Ykrar tapýar Arkadagyň paýhasy, Parlaýar jahanda türkmen Baýdagy!» ady bilen guralýan wagyz-nesihat çäresi-de olaryň iň bir ähmiýetlileriniň biridir.

Çäre Gullugymyzyň harby bölümlerinde giňden ýaýbaňlandyrylyp, oňa harby gullukçylar uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şol çärelerde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygar bilen garşy alynmagynyň taryhy ämiýeti, şu şygaryň astynda ýylyň dowamynda döwlet hem-de Gulluk derejesinde amala aşyrylmagy maksat edinilýän çärelerdir durmuşa ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän döwletli işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny ýokary gurmaçylyk derejesinde baýram etmek ugrunda görülýän çärelerdir alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada giň mazmunly çykyşlar edildi. Bulardan başga-da, çykyşlarda wagyz-nesihat çäräniň adyndan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara arenasynda eýeleýän orny we onuň abraý-mertebesi, şol sanda halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ösüşlerimiz, dünýäde ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjen etmekde Türkmenistanyň öňe sürýän oýlanyşykly hem oňyn başlangyçlary hakda täsirliden gymmatly gürrüňler edilip, degerli pikirler orta atyldy. Elbetde, wagyz-nesihat çäreleriniň dowamly geçirilip durulmagy watançy ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde hasam möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Galyberse-de, şeýle çäreler harby gullukçylaryň watançylyk duýgularyny öňküden-de berkitmäge ýakyndan ýardam berýär.

Parahat Çaryýew.

  • 48
  • 19.02.2021