MAKALA

UEFA Çempionlar ligasynyň täze topy

«Adidas» bilen UEFA bilelikde Çempionlar ligasynyň finalynda oýnaljak täze futbol topunyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Şu ýyl meşhur «starball» bezegine 20 ýyl dolýar. Täze topuň ady «Finale Istanbul 21» diýlip atlandyrylýar. Topuň daşyndaky bezege mundan öňki 20 «starball» bezegli toplar bilen oýnalan final duşuşyklaryndan taryhy pursatlar ýerleşdirilipdir. Ak reňkli ýyldyzjyklar ýörite gabardylyp ýasalypdyr we «Istanbul 21» ýazgysy gyzyl reňkli ýazylypdyr. UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşyklaryndan başlap, şu toplar bilen oýnalar.

 

PSŽ «Barselonany» derbi-dagyn etdi

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň ilkinji 2 duşuşygynda myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazandy. Tapgyryň iň esasy oýnunda «Barselona» bilen PSŽ duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda PSŽ güýçli garşydaşyny myhmançylykda 4-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 27-nji minutda Messiniň penaltiden geçiren goly bilen öňe saýlanan «Barselonanyň» derwezesinden jogap goluny 32-nji minutda Kilian Mbappe girizdi. 2-nji ýarymda düýbünden başgaça oýun görkezen parižliler ýene-de 3 gol geçirmegi başardy. Olaryyň 2-sini Mbappe (65,85), beýlekisini-de Moýza Kin (70) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şeýlelikde, PSŽ myhmançylykda 4-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, häzirlikçe çärýek finala golaý topar hökmünde ýoluny dowam edýär. PSŽ 37 ýyldan soň «Barselonany» Ispaniýada ýeňen ilkinji fransuz kluby boldy. Ondan öň «Mets» 1984/85 möwsüminde Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynda myhmançylykda 4-1 hasabynda ýeňipdi.

Şewçenkodan soň Mbappe

Duşuşykda 3 gol geçiren Kilian Mbappe ukrainaly Andreý Şewçenkodan soň «Kamp Nouda» het-trik eden 2-nji futbolçy boldy. Şewçenko 1997-nji ýylda Kiýewiň «Dinamosynda» oýnaýan mahaly myhmançylykda «Barselonanyň» derwezesinden 3 gol geçiripdi. Umumylykda häzire çenli Çempionlar ligasynda «Barselonanyň» derwezesinden 3 gol geçirmek diňe 3 futbolça başartdy. Mbappe we Şewçenkodan ozal kolumbiýaly Faustin Asprilýe («Nýukasl») muny başarypdy. Mbappeniň PSŽ-däki gollarynyň sany 111-e ýetip, ol bu ugurda Pauletadan öňe saýlandy we Edinson Kawani (200 gol) hem Zlatan Ibrahimowiçden (156) soň 3-nji ýerde barýar.

Messi Çempionlar ligasynda yzly-yzyna 17 ýylda-da tapawutlanyp, Raul bilen deňleşdi. Şeýle-de Messi Barselona bassyr 13-nji möwsüminde 20-den köp gol geçirdi.

PSŽ bilen «Barselonanyň» arasyndaky jogap oýny 10-njy martda oýnalar.

 

«Liwerpul» çärýek finalyň bosagasynda

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli, Budapeştdäki Puşkaş Arena stadionynda oýnalan «Leipsig» – »Liwerpul» duşuşygynda iňlis topary ýeňiş gazandy. Çempionatda ýeňiş gazanmakda kynçylyk çekýän «Liwerpula» üstünlik getiren gollary 5 minudyň dowamynda goragçylaryň gödek ýalňyşlygyndan peýdalanan toparyň ýyldyz hüjümçileri – Mohamed Salah (53) bilen Sadio Mane (58) öz atlaryna ýazdyrdylar. 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan «Liwerpul» çärýek finala çykmak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldy. Jogap duşuşygy 10-njy martda oýnalar.

 

«Porto» 80 sekuntda ýeňiş gazandy

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň duşuşyklarynda «Porto» öz meýdançasynda «Ýuwentusy» 2–1, «Borussiýa Dortmund» bolsa myhmançylykda «Sewilýany» 3–2 ýeňdi. Iki topar hem garşydaşlaryny ilkinji gezek ýeňmegi başardy.

«Porto»–»Ýuwentus» duşuşygynda ýer eýeleri her ýarymyň ilkinji minutynda tapawutlanyp, ýeňşini baýram etdi. Oýnuň 2-nji minutynda, has takygy, 61-nji sekundynda Mehdi Taremi portugal klubuny 1-0 öňe saýlady. Ol utulan-çykdy tapgyrynda tapawutlanan ilkinji, umumylykda-da Çempionlar ligasynda gol geçiren 5-nji eýranly futbolçy boldy. Şeýle-de bu gol «Ýuwentusyň» şu ýaryşyň çäginde derwezesinden geçirden 200-nji goly hökmünde hasaba alyndy. 2-nji ýarymyň ilkinji minutynda, has takygy, 16-njy sekundynda (46-njy minutda) Mussa Marega hasaby 2-0-a çykardy. Duşuşygyň 82-nji minutynda Federiko Kiezanyň goly «Ýuwentusa» ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

Holann Mbappeniň rekordyna golaýlady

Beýleki duşuşykda myhmançylykdaky «Borussiýa Dortmund» ispan topary «Sewilýany» 3-2 hasabynda ýeňip, Germaniýa ýeňiş bilen dolandy. 7-nji minutda Suso ýer eýelerini öňe saýlasa-da, soňlugy bilen, 19-njy minutda nemes topary Dahuduň uzakdan owadan urgusy bilen hasaby deňledi. 27-nji we 43-nji minutlarda Erling Holannyň gollary 1-nji ýarymyň netijesini kesgitledi. Holann 13-nji Çempionlar ligasynda 17-nji we 18-nji gollaryny geçirdi. Ol ýene-de 1 gezek tapawutlansa, Kilian Mbappeniň rekordyna şärik bolar. Duşuşygyň tamamlanmagyna 6 minut galanda Luuk de Ýonguň geçiren goly ispan klubuny jogap duşuşygy üçin az-owlak umytlandyrdy.

Iki duşuşygyň hem jogap oýunlary 9-njy martda oýnalar.

zamanturkmenistan.com

  • 42
  • 19.02.2021