MAKALA

Türkiýede Kolizeýiň nusgasy tapyldy

«Daily Sabah-yň » habar bermegine görä, Türkiýäniň Aýdin welaýatynda gadymy Kolizeýiň nusgasy tapyldy. Gazuw-agtaryş işleri ýaňy başlandy, ýöne tapyndylaryň ägirt uly gurluşyň bir bölegi bolandygy eýýäm belli. Deslapky maglumatlara görä, tapylan arena — häzirki wagtda ýeriň astynda gizlenip ýatan gadymy amfiteatryň bir bölegi. Şeýle-de bolsa ol rim Kolizeýini ýadyňa salýar. Arheologlaryň pikiriçe, bu gazuw-agtaryş işlerine ýaňy-ýakynda başlanan gadymy Mastaura şäheriň bir bölegidir.

Aýdiniň Medeniýet we syýahatçylyk bölüminiň başlygy bu barada şeýle diýýär: «Bu Türkiýede doly görnüşde saklanyp galan ýeke-täk arena bolup biler. Gurluşyk köp ýyllaryň dowamynda ýeriň astynda gömülgi saklanypdyr. Biz esasy elementleri eýýäm görýäris, ýöne şu ýazda has köp gazuw işlerini geçirmegi meýilleşdirýäris».

Ozal Türkiýäniň territoriýasynda şuňa meňzeş amfiteatrlar eýýäm tapylypdy, ýöne olardan köpüsi düýbünden diýen ýaly ýumrulypdyr.

Terjime eden Ýaran Akmämmedow.

  • 44
  • 19.02.2021