MAKALA

LI-FI tehnologiýasy

Dünýäde smartfonlaryň meşhurlygynyň artmagy bilen, simsiz maglumat aragatnaşygyna zerurlyk barha ýokarlanýar. Munuň netijesinde radio ýygylykly spektriň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Çünki radio ýygylykly spektr çäkli bolýar, üstesine-de, onda maglumatlary ýerleşdirmek we geçirmek köp çykdajylary talap edýär. Şonuň üçin häzirki wagtda maglumatlary ibermegiň täze usullary öwrenilýär. Bu ugurlaryň biri hem optiki-simsiz torlardyr. Optiki-simsiz torlary ornaşdyrmakda görünýän ýagtylyk geçiriş ulgamlary (Li-Fi) uly ähmiýete eýedir. Bu tehnologiýa görünýän ýagtylyk çykaryjy diod (VLED) arkaly maglumat geçirilişini üpjün edýär.

Bu tehnologiýa Harald Haas tarapyndan döredilip, ilkinji gezek dünýä jemgyýetçiligine 2011-nji ýylyň başynda tanyşdyryldy. Angliýaly alymlar yşyklandyryjy gurallaryň kömegi bilen maglumatlary 10 Gbit/s tizlikde geçirmegi başardylar.

Li-Fi tehnologiýasy (Light Fidelity) ikitaraplaýyn, ýokary tizlikli simsiz aragatnaşyk tehnologiýasydyr. Maglumat geçirişiniň bu görnüşinde ýagtylyk aragatnaşyk geçiriji hökmünde ulanylýar. Li-Fi giň zolakly simsiz aragatnaşyk tehnologiýasy bolanlygy sebäpli, birnäçe ulanyjynyň bir wagtda tora birikmegine mümkinçilik döredýär.

IoT-iň (zatlaryň interneti) has-da kämilleşmegi, özara maglumat alyşmak üçin radio ýygylyklaryny ulanýan enjamlaryň köpelmegine getirýär: sowadyjylar, sagatlar, kameralar, jübi telefonlary, hatda elektrik çäýnekler has köp radio ýygylykly tolkunlary talap edýärler. Bu bolsa maglumat geçirişiniň hiliniň ýaramazlaşmagyna sebäp bolýar. Li-Fi ulgamy özüniň tizligi bilen zatlaryň internetine (IoT) uly täsir edip bilýär. Ol radio ýygylyklaryndan 10 000 esse ýokary ýagtylyk tolkun ýygylyklaryny ulanýar. Ulgam arkaly maglumatlaryň has ýokary derejede berilýändigini göz öňünde tutsak, internete birikdirilen birnäçe enjam özara aragatnaşyk gurup bilýär. Şeýle hem radio tolkunlarynyň çakdanaşa ulanylmagy howply elektromagnit päsgelçiligini döredýär. Li-Fi ulgamy bolsa uçgun howpy we adamyň saglygyna zyýany bolmadyk ýagtylygy ulanýar.

Bu tehnologiýa yşyklandyryş maksatly yşyk-diodly lampalaryň ulanylyşynyň artmagy bilen has hem ösdi. Häzirki wagtda LED elementlerini ulanýan awtoulaglaryň öňki we yzky çyralary, köçe çyralary, bellik tagtalary we ýolyşyklary köp mukdarda öndürilýär. Bu tehnologiýanyň az çykdajylaryndan we howpsuzlygyndan başga-da, esasy artykmaçlyklarynyň biri radio tolkunlarynyň siňdirilmezligine kömek etmegidir. Görünýän ýagtylyk ýygylyklary beýleki ýygylyklara päsgel bermeýär, şonuň üçin ony köpçülik ýerlerinde, uçarlarda ýa-da «akylly şäher» ulgamynda ulanmak bolar. Şeýle-de LED elementleri we fotosensiw elementler bilen enjamlaşdyrylan köçe yşyklandyryş serişdeleriniň arasynda özara maglumat alyş-çalşygyny guramaga mümkinçilik berýär. Bu taslamalar şäherden daşda ýerleşen sebitleýin uly ýol gatnawlaryndaky yşyklandyryjylarda hem ulanylyp bilner. Bu tehnologiýanyň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagy bolsa aragatnaşyk we tilsimat ulgamlaryny düýpli ösdürmäge ýardam eder.

Muhammet Ýakubow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

«Nesil» gazeti.

  • 49
  • 19.02.2021