MAKALA

Serhetçi talyplaryň «Erudit online-daky» nobatdaky ýeňşi

Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» ylym-bilim merkezi onlaýn görnüşinde «Erudit online» halkara internet olimpiýadasynyň 2021-nji ýyldaky bäsleşiklerini geçirip başlady. Öňem belleýşimiz ýaly, olimpiada dünýä döwletlerinden islendik ýaşdaky raýatlar gatnaşyp, öz aralarynda test görnüşinde bäsleşýärler. «Erudit online-a» türkmenistanlylaryň, hususan-da, talyp ýaşlaryň hem ençemesi gatnaşyp gelýär. Ýadymyzda bolsa, geçen ýyl türkmen talyplarynyň birnäçesi olimpiadanyň ýeňijileri saýlanypdy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Begli Gurbandurdyýew hem biologiýa dersiniň «Adam fiziologiýasy» ugry boýunça bäsleşip, resmi taýdan 3-nji orna mynasyp bolupdy.

Olimpiadanyň bu ýylkysynda-da şeýle boldy. Ýurdumyzyň talyp ýaşlary «Erudit» ylym-bilim merkeziniň bu olimpiadasyna işjeň gatnaşdylar. Netijede, olaryň birnäçesiniň atlary ýeňijileriň hatarynda agzaldy. Olaryň içinde Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Yhtyýar Ulukowyň hem bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Harby talyp Yhtyýar Ulukow halkara internet olimpiadasynda biologiýa we geografiýa derslerinden «Täsin haýwanat dünýäsi» («Удивительные животные мира») mowzugy boýunça bäsleşdi. Ol bäsdeşleriniň arasynda 3-nji orny eýeläp, «Erudit» ylym-bilim merkeziniň 3-nji derejeli diplomy hem-de bürünç medaly bilen sylaglandy. Bu bolsa Yhtyýar bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, galyberse-de, Türkmenistan döwletimiziň ylym-bilim ulgamyndaky ýene bir üstünlikleriniň biridir.

Bilýän bolsak, harby talyp Yhtyýar Ulukow 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň hem eýesi bolupdy.

Pursatdan peýdalanyp, biz hem harby talyp Yhtyýar Ulukowy döredijilik toparymyzyň hem-de Gullugymyzyň tutuş şahsy düzümiň adyndan gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Şeýle-de oňa ylym-bilim äleminde, ýeňişli menzillerinde diňe üstünlikleriň hem şowlulyklaryň ýaran bolmagyny arzuwlaýarys.

 

Ýaran Akmämmedow.

  • 44
  • 22.02.2021