MAKALA

Yşk hakynda

Sensiz geçen günler ömre derkar däl,

Sensiz günleri men goşamok ömre.

Dolap senliligiň yssy gujagna,

Gel meni üwre!..

 

Irkileýin, unudaýyn bar zady,

Bir seni bileýin, senli ýaşaýyn.

Onsoňam dünýäde nämä degmeýär,

Söýgi bilen ýaşanyň?..

 

Ykbalda-da sensiz günler bolmadyk

ýaly duýulsyn-la şu günden beýläk.

Sensizlikden halas edip gelsene,

Ömrümiň bagtyýar pursatyn peýläp!

 

* * *

 

Sen ýaş wagtyň çendenaşa gözeldiň,

Garramansyň, sen häzirem anjaýyn.

Ýaşlygmyzyň geçenine garaman,

Men saňa, bir saňa köňlüm açaýyn.

 

Aýdaýyn oglankam aýdyp bilmedik,

Söýgi sözlerimiň baryny saňa.

Berip goýberenmi bilýänem dälsiň,

Aşyk ýüregimiň ýaryny saňa.

 

* * *

 

Ýene-de Aý dogar gije ýarymda,

Diňlemäge aşyklaryň söhbedin.

Tomus gijeleri, gysga gijeler,

Söhbet diňläp uzaldýandyr möhletin.

 

Daňa golaý uka giden nurly Aý,

Tylla Güne goýar gijäň kyssasyn.

Ak gündize berip pyşyrdylary,

Diýer: “Diňläp otur, içiň gysmasyn!”

 

Gijeki söhbetler ertire aýan

Bolup ýeter uly iliň gulagna.

Onsoň çykybermeli bor tizden-tiz,

Toýuň ugruna...

 

Ýene-de Aý dogar gije ýarymda,

Astynda duşurar ýar bilen ýary.

Asman Aýy ir dogýandyr wagtyndan,

Garaşmaga ýetmeýän dek karary.

 

* * *

 

Indi diňe men ýadyňa düşerin

Ýa düşmerin alada kän durmuşda.

Işin görýär hasyl berjek ekiniň,

Çyrmaşyk hem peçek oňa dyrmaşsa.

 

Alada-da edil şonuň ýaly zat,

Geçeni ýatlara maý bermez hijem.

Ýaşan ömrüň zada zar bolmaz ýaly,

Durmuşyňy düzet, zähmetde tijen.

 

Meni bolsa kän bir ýatlap ýörme sen,

Oňa wagt tapjak bolup urunma.

Ýöne sen hemişe ynanyp ýaşa,

Bir ýerlerden saňa garap duranma.

 

Myratgeldi Hallyýew.

  • 119
  • 22.02.2021