MAKALA

Döwlet çäreleri wagyz-nesihat işlerinde

Döwür dönüp, ykballaryň galkynmagy asly halal türkmen ruhunyň täze başlangyçlara bolan isleg, höwesini artdyrýar. Şu günki günüň talabyny ödemek we ony bir kemsiz durmuşa geçirmek sylagdan serpaýly, bagtdan paýly türkmenistanlylaryň ýerine ýetirmeli baş wezipeleriniň esasysydyr. 2021-nji ýyl, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda peder arzuwyny wysala gowşuran Garaşsyzlygymyzyň gazanylanyna laýyk 30 ýyl dolýar.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk öz-özünden gazanylmady. Ony gazanmak ugrunda kän-kän işler amala aşyryldy. Biz bu günki gün atalaryň yhlasyndan kemal tapan Garaşsyzlygymyzyň bize berýän miweleriniň tagamyndan dadyp, onuň lezzetli hözürini görýäs. Emma, özbaşdak döwlet bolmak we Garaşsyzlyga eýe bolmak ugrunda gara başlaryny orta goýan merdana türkmen halkymyzyň görkezen gahrymançylyklaryny şu günki ýaş watançylaryň dykatlaryna ýetirmek derwaýys işleriň hatarynda durýar. Ynha, şu maksatlar bilenem şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Täze ýylyň adyny wagyz etmek, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň gidişi bilen ähli derejedäki serhetçi harby gullukçylary tanyşdyrmak çäreleri yzygiderli guralýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alyp barýan işleri harby bu gullukçylaryň gündelik durmuşynda aýdyň duýulýar. Bu döwletli işleriň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem batly depginler bilen dowam etdiriljekdigi dogrusyndaky buýsançy sözler çykyşlarda aýdylýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşlerine Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary hem serhet asudalygyny üpjün etmek ýaly mukaddes harby gulluklaryny üstünliklere besläp, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna toý sowgady bilen barýarlar. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly ýörüşde ýurdumyzyň harby we hukuk gorýajy edaralarynyň birleşen harby orkestrleriniň düzüminde biziň sungat bilen sazlaşykly gulluk edýän serhetçi harby gullukçylarymyzyň çykyş etjekdigi buýsandyryjy hakykatdyr. Garaşsyzlygymyzyň sanlyja ýylyň içinde gazananlaryny wagyz etmek boýunça geçirilýän döredijilik we beýleki bäsleşiklere serhetçiler hem işjeň gatnaşýarlar.

Ynha, şu aýdanlarymyzyň ählisi harby bölümlerimizde gulluk edýän serhetçileriň arasynda yzygiderli wagyz edilýär. Işleriňiz ileri bolsun edermen serhetçiler!

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 48
  • 22.02.2021