MAKALA

Welosportçy türgenler dünýä çempionatyna taýýarlanýarlar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiz sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ynha, şu ýyl hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen paýtagtymyzda geçiriljek welotrek sporty boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda geçiriljek dünýä çempionatyna türkmen türgenlerimiz ýokary derejede taýýarlanýarlar. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesindäki welotrek binasynda özleriniň okuw-türgenleşiklerini dowamly alyp barýarlar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu binada türgenlere sportuň welotrek görnüşi bilen türgenleşmäge doly şertler göz öňüne tutulan. Bulardan başga-da, welotrek binasynda türgenlere diňe bir türgenleşmäge däl, eýsem dürli maşklary ýerine ýetirmek üçin hem türgenleşik zallary doly derejede hyzmat edýär.

Yzygiderli türgenleşik işlerini alyp barýan türgenleriň arasynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Wepamyrat Akmyradowyň bolmagy bizi diýseň begendirýär. Wepamyrat Akmyradow öňem ýurdumyzda welotrek boýunça geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýän türgenleriň biri. Biz serhetçi türgenimiz Wepamyrat Akmyradow ýurdumyzda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyna mynasyp goşandyny goşar diýip ynanýarys. Ata Watanymyz Türkmenistanda şeýle iri halkara ýaryşlary ýokary derejede geçirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köpsag bolsun aýdýarys!

Serdar Taganow

  • 42
  • 22.02.2021