MAKALA

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Permana gol çekdi. Resminama bilen, «Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanyna goşmaça girizildi.

 

***

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna şu karara goşulýan sanawa laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky Karara gol çekdi.

  • 50
  • 23.02.2021