MAKALA

Milli öwüşginli nyşanlar

2021-nji ýyl Türkmenistan üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýylda türkmen sportunyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň merjen paýtagty Aşgabat şäherinde Tennis boýunça Dewisiň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyry hem-de Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň we Tennis boýunça Dewisiň kubogy ugrunda halkara ýaryşynyň tapgyrynyň resmi nyşanlarynyň, şeýle hem ady agzalan iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň sport lybaslarynyň we welosipedleriň bezeg işleriniň taslamalaryny tassyklady.

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanynyň şekilinde türkmen halysynyň ýüzünde şekillendirilýän garşygoçak hem-de alaja milli nagyşlaryndan ylham alnyp, olaryň welosipedçiniň şekili bilen utgaşdyrylan görnüşi işlenip taýýarlanyldy.

Halkara Tennis federasiýasynyň talaplary esasynda, Dewisiň kubogy ugrundaky halkara ýaryşlarda ulanylýan resmi nyşanyň üýtgewsiz görnüşi tassyklanyldy.

Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň sport lybaslarynyň we welosipedleriň bezeg işleri barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň, guramaçylaryň, meýletinçileriň, KHBS-niň, lukmanlaryň, jemgyýetçilik tertip-düzgünini we howpsuzlygy üpjün edýän gulluklaryň işgärleri üçin lybaslary, top alyp berýän meýletinçileriň, ýaryşda çykyş etjek türgenleriň egin-eşigi we welosipediniň görnüşleri tassyklanyldy. Olary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde döredilen ýörite topar işläp taýýarlady.

Tassyklanan lybaslarda türkmen halkynyň milliliginiň öz beýanyny tapandygyny aýratyn bellemek gerek.

 

«Türkmenistan sporty» žurnaly,

«7/24.tm»

  • 92
  • 25.02.2021