MAKALA

Aşgabat

Seýil edeliň mekanyna aşyklaň,

Nurlaryna maýyl bolup yşyklaň,

Başy Göge ýetip duran köşkleň,

Bary halkyň göz-guwanjy Aşgabat!

 

Ileriň Köpetdag, Garagum gaýraň,

Saňa dolanandyr döwletli döwran,

Gözel ymaratlaň galdyrýar haýran,

Mermerden düzülen hünji Aşgabat!

 

Ýaşyň bir ýarym asyra basalyk,

Gülleýişe ýetdiň nije asyrlyk,

Oturansyň gözellige basyrnyp,

Köňülleriň baş buýsanjy Aşgabat!

 

Dag howasy dem berip dur günleňde,

Bilbil yşgy eglenipdir gülleňde,

Sende bagty jemlenendir illeň-de,

Külli türkmen başda täji Aşgabat.

 

Eziz bizi dogran eneler ýaly,

Baglaň gül bürenýär sonalar ýaly,

Seniň taýyň ýokdur deňeler ýaly,

Kalba guýduk şu ynanjy Aşgabat!

Çarymyrat Saryýew.

 

Aşagabat

Aşyklaryň, aýdyňlygyň şäheri,

Aýdymlaň sözbaşy gözel Aşgabat.

Owal-ahyr ýatladýarsyň dur bahary,

Şanyňa çekilip gazal Aşgabat.

 

Gündizleriň nurly, günden nurlanyp,

Gijeleriň yşyklarda durlanyp,

Çüwdürimleň monjuk kimin düzülüp,

Berdiň baglaryňa bezeg Aşgabat.

 

Ýollaň dünýäň ýüregiňe uzalyp,

Gözelleriň tans oýnaýar bezenip,

Seň şanyňa uly dessan ýazylyp,

Goýulmyş zemine ozal Aşgabat.

 

Mermer binalaryň saçýar ýalkymyn,

Etekleýip Köpetdagyň alkymyn,

Göz-guwanjy bu garagöz halkymyň,

Waspyň ýetir bagşy-ozan Aşgabat.

Toýbibi Hudaýberdiýewa.

  • 126
  • 28.02.2021