MAKALA

«Bawariýa» çärýek finala ilkinji ädimini ätdi, Lewandowksi Rauldan öňe

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalynda oýnalan iki duşuşykda myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazandy. Kubogyň häzirki eýesi «Bawariýa» myhmançylykda Italiýanyň «Lasio» toparyndan 4-1 üstün çykyp, çempionlygyny goramak ugrunda nobatdaky ädimini ätdi. Nemes toparyna ynamly ýeňiş getiren gollary Lewandowski (9), Musiala (24), Sane (42) hem-de Açerbi (47 ö.d.) derwezä girizdi. «Lasionyň» ýeke-täk pökgüsini 49-njy minutda Korrea öz adyna ýazdyrdy.

Robert Lewandowskiniň Çempionlar ligasynda geçiren gollarynyň sany 72-ä ýetdi we bu ugurda Raul Gonzalesden öňe saýlanyp, 3-nji orna geçdi. Polşaly hüjümçiden öňde Lionel Messi (119) bilen Kristiano Ronaldo (134) bar. «Bawariýanyň» 2-nji goluny geçiren Jamal Musiala (17 ýaş 363 gün) Çempionlar ligasynda tapawutlanan iň ýaş 2-nji futbolçy boldy. Ispaniýaly Boýan Krkiç 17 ýaş 217 gün bilen UÇL-niň gol geçiren iň ýaş futbolçysydyr.

1/8 finalyň beýleki duşuşygynda «Çelsi» myhmançylykda «Atletiko Madridi» Oliwie Žirunyň 68-nji minutda üstaşyr ýagdaýda derwezä gönükdiren goly bilen 1-0 ýeňdi.

Jogap oýunlary 17-nji martda oýnalar.

 

«Real Madrid» hem-de «Mançester Siti» ýeňiş bilen dolandylar

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň birinji oýunlary soňky iki duşuşyk bilen tamamlandy. Bu oýunlarda-da myhmançylykdaky toparlar ýeňiş bilen dolanyp, çärýek finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandylar. Kubogy iň köp eýelän «Real Madrid» myhmançylykda «Atalantany» Benžamin Mendiniň 86-njy minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýer eýlerinden goragçy Remo Froýleriň 17-nji minutda gyzyl kart alandygyny belläliň.

Gijäniň beýleki oýnunda Germaniýanyň «Borussiýa M» topary bilen çempionlygyň dalaşgärlerinden «Mançester Siti» topary Budapeştde duşuşdy. Iňlis klubunyň doly artykmaçlygynda geçen oýunda «Mançester Siti» 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollary 29-njy minutda Bernardo Silwa bilen 65-nji minutda Gabriel Žesus derwezä girizdi. Çempionlar ligasynda 6 oýundan bäri gol geçirtmän gelýän «Mançester Siti» çärýek finalyň bosagasyndan ilkinji ädimini ätdi.

Iki oýnuň hem jogap duşuşyklary 16-njy martda oýnalar.

zamanturkmenistan.com.

  • 87
  • 28.02.2021