MAKALA

Ýeke nemes kluby hem galmady, «Lesteriň» garaşylmadyk ýeňlişi

UEFA Ýewropa ligasynda 1/16 finalyň jogap oýunlary oýnalyp, 1/8 finala çykan klublar belli boldy. «Benfika», «Lester Siti», «Napoli», «Baýer», «Real Sosiedad» ýaly klublar ýaryşy dowam etdirip bilmedi. Häzirki wagtda ýaryşda ýeke nemes kluby hem galmady. Nemes klublarynyň ikisi hem öz meýdançasynda 2-0 utuldy. Olar birinji oýunlarda myhmançylykda 3 gol geçiribem ýeňiş gazanyp bilmändiler. «Hoffenhaým» öz meýdançasynda «Moldeden» Ullen-Andersonyň (20, 90+5) gollary esasynda 2-0 ýeňlip, ýaryşdan çykdy. Edil şonuň ýaly hasap bilen «Ýang Boýzdan» asgyn gelen Lewerkuzeniň «Baýeri» üçinem bu möwsümlik Ýewrokuboklar tamamlandy. Tapgyryň iň garaşylmadyk netijesi Angliýada hasaba alnyp, 4 klub bilen ýoluny dowam edýän iňlisleriň biri topary ýaryşdan çykdy. Pragada «Slawiýa» bilen golsuz deňme-deň oýnan «Lester Siti» öz meýdançasynda 2-0 utuldy. Çeh toparyna ýeňiş getiren gollary Prowod bilen Sima derwezä girizdi. «Arsenal» kynçylyk çekse-de «Benfikadan» 3-2 üstün çykmagy başardy we 1/8 finala adyny ýazdyrdy. Duşuşykda londonlylaryň 2 goluny Obameýang derwezä girizdi. Çarşenbe güni oýnalan oýunda-da «Tottenham» «Wolfsbergi» 4-0 ýeňipdi. Myhmançylykda 4-0 ýeňiş gazanan «Mançester Ýunaýted» öz meýdançasynda «Real Sosiedady» kabul edip, o diýen özüni gynap hem durmady we duşuşyk golsuz deňlikde tamamlandy.

Italýan we ispan klublarynyň biri ýaryşdan çykdy

Italýan toparlaryndan «Napoliniň» öz meýdançasynda «Granadany» 2-1 ýeňmegi 1/8 finala çykmak üçin ýeterlik bolmady. 1-nji oýunda 2-0 utulan pizzaçylar Ýewropa Ligasy bilen hoşlaşdylar. «Milan» 2-2 deňlikde tamamlanan birinji oýnuň jogap duşuşygynda deňme-deň oýnady. 1-1 gutaran oýundan soň, «Milan» ýoluny dowam edýär. «Roma» öz meýdançasynda Jeko, Perez hem-de Maýoralyň gollary bilen 3-1 ýeňip, «Bragany» ýaryşdan çykardy. Ispanlardan «Real Sosiedad» ýaryşdan çykanam bolsa, «Granada» bilen «Wilýarreal» ýoluny dowam edýär.

Ukrainleriň 2 topary-da 1/8 finala çykyp, «Dinamo Kiýew» «Klub Brýuggeni» Buýalskiniň (83), «Şahtýor Donesk» «Makkabi Tel-Awiwi» Moraesiň (67 p) ýeke-täk goly bilen ýeňdi.

Niderlandlaryň «Aýaksy» ýaryşdaky ýeke-täk fransuz topary «Lilli» Amsterdamda-da 2-1 hasap bilen ýeňdi. PSW birinji oýunda 4-2 utulan garşydaşy Olimpiakosy 2-1 ýeňse-de, bu hasap dowam etmek üçin ýeterlik bolmady.

Bijeler 16:00-da çekiler

Milli çempionatda çempionlyga ymtylýan «Reýnjersiň» şowly çykyşy Ýewropa Ligasynda-da dowam edýär. Stiwen Jerardyň şägirtleri Şotlandiýada-da 7 goluň geçirilen oýnundan «Antwerpeni» uly hasap bilen utdy. Birinji oýunda 4-3 ýeňen «Reýnjers» öz meýdançasynda 5-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Rus kluby «Krasnodar» myhmançylykda hem «Dinamo Zagrebden» asgyn gelip, ýaryşdan çykdy (1-0, 3-2).

UEFA Ýewropa ligasynda 1/8 finalyň bijeleri şu gün Aşgabat wagty bilen 16:00-da çekiler.

UEFA Ýewropa Ligasynda 1/16 finalyň jogap oýunlarynyň netijeleri (1-nji duşuşyklar):

Tottenham – Wolfsberg: 4-0 (4-1)

Klub Brýugge – Dinamo Kiýew: 0-1 (1-1)

Mançester Ýunaýted – Real Sosiedad: 0-0 (4-0)

Arsenal – Benfika: 3-2 (1-1)

Milan – Srwena Zwezda: 1-1 (2-2)

Reýnjers – Antwerpen: 5-2 (4-3)

Lester Siti – Slawiýa Praga: 0-2 (0-0)

Wilýarreal – Red Bull Salsburg: 2-1 (2-0)

Roma – Braga: 3-1 (2-0)

Dinamo Zagreb – Krasnodar: 1-0 3-2)

Baýer – Ýang Boýz: 0-2 (3-4)

Hoffenhaým – Molde: 0-2 (3-3)

Napoli – Granada: 2-1 (0-2)

Şahtýor Donesk – Makkabi Tel-Awiw: 1-0 (2-0)

Aýaks – Lill: 2-1 (2-1)

PSW – Olimpiakos: 2-1 (2-4).

zamanturkmenistan.com

  • 94
  • 28.02.2021