MAKALA

140 ýaşly merjen Aşgabat

Tas bir ýarym asyr! Ondan bäri taryhyň ýumagy çözlene-çözlene, şu güne ýetipdir. Ynha-da, ak mermere beslenip oturan ak şäher. Daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň sözi bilen aýtsak, «bir demde asmandan inen ýaly owadan, kämil şäher».

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna uludan taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça belleniljek bu sene bizi gözel paýtagtymyzyň geçen ýoluna ser salmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolmak bilen, onuň ýeten häzirki derejesine buýsanç duýgularyny döredýär. Gözel paýtagtymyzyň şuglaly şu güni hakynda gürrüň edeniňde, ilki bilen, Aşgabadyň binagärlik aýratynlyklary göz öňünde janlanýar.

Jemgyýete irki döwürlerden bäri mälim bolan binagärlik sungaty häzirki wagtda ösüp, has belent derejelere ýetdi. Paýtagtymyz Aşgabat hem gysga wagtyň içinde medeni-durmuş maksatly jaýlaryň görnüşleri hem-de landşaft binagärligi, şäher gurluşy bilen baýlaşdy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn tagallalary bellenilmäge hem-de alkyşlanylmaga mynasypdyr. Aşgabady gözelleşdirmek boýunça alyp barýan beýik işlerine ýokary baha berlip, hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen adyň berilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän binalar, desgalar gözelligi hem-de täsinligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi, halkara güwänamalaryna, baýraklaryna mynasyp boldy. Netijede, ak mermerli paýtagtymyz häzirki zaman şähergurluşygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda gözel paýtagtymyzyň dünýäde ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda bellige alynmagy döwlet Baştutanymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Aşgabadyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alan şähergurluşyk aýratynlyklary hakynda aýdara-diýere zat köp. Paýtagtymyzdaky Halkara howa menziline barýan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň çatrygynda nesilbaşymyz we onuň ogullaryna bagyşlanyp gurlan «Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy 2010-njy ýylda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Suw çüwdürimleriniň 26-syny öz içine alýan bu ýadygärlik toplumynyň umumy meýdany 14,82 gektara deň bolup, paýtagtymyzyň gözelligi bilen aýdyň utgaşýar. 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ak şäherimiz Aşgabatda ýene-de bir ajaýyp desga — «Bagt köşgi» Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sahypalaryny bezedi. Dört tarapyndan Oguz hanyň sekizburçly ýyldyzyny ýatladýan gurluşlar bilen aýlanýan Ýer görnüşindäki togalagyň diametri 32 metr bolup, onuň daşky örtügi üçin iň ýokary derejede ýagtyny serpikdirýän ýörite ýylmanak metal plastinalar ulanyldy. 8 sany esasy girelgeden, ýerzemini bilen 10 gatdan ybarat bolan binada 500 orunlyk iki sany toý zaly we 1000 orunlyk uly toý zaly, dürli maksatlar üçin niýetlenen dükanlar we işgärler üçin otaglar bar.

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda paýtagtymyzda açylan Aşgabadyň Halkara howa menzili şol ýyl ýolagçy terminalynyň ýokarsyndaky iň uly haly gölüniň (705 inedördül metr) şekili bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen ýatda galan Aşgabadyň döwrebap Olimpiýa stadionyny bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 2017-nji ýylda «Ginness World Records» kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan hasaba alnan ölçeglere laýyklykda, bu atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metre, uzynlygy 37,69 metre, ini bolsa 40,24 metre barabardyr. Galyberse-de, Olimpiýa şäherçesiniň özi hem paýtagtymyzyň iň görnükli künjekleriniň birine öwrüldi.

Paýtagtymyzyň şähergurluşygynyň barha kämilleşýändigi Aşgabady ösdürmegiň tapgyrlarynyň mysalynda hem aýdyň ýüze çykýar. Ynha, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar böleginde Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly binalaryň iri toplumy açyldy. Bu ýerde belent ýaşaýyş jaýlary guruldy, zerur bolan ýol-ulag düzümi döredildi. Aýlawly awtomobil ýol düzüminiň merkezini bolsa «Türkmen alabaýy» heýkeli bezedi. Ýeri gelende bellesek, uly ýollaryň çatrygyny bezeýän şeýle binalara indi şäherimiziň dürli künjeklerinde duşmak bolýar. Özi hem olar döwrümiziň ösüşleri, ýeten belent derejesi barada söz açýarlar.

Ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär. Bu baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bilen has-da dabaralanar.

140 ýaşly juwan Aşgabat entek-entekler özüniň ajaýyp keşbi bilen görenleri haýran galdyrar.

 

Hanjar Nurgeldiýew,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.

«Bereketli toprak» gazeti.

  • 55
  • 03.03.2021