MAKALA

Bahar gelende

Erär dag başyny bürän ak garlar,

Ülkäme hoşgylaw bahar gelende.

Gözüň dokundyrar bu ajap çaglar,

Ülkäme hoşgylaw bahar gelende.

 

Baglar miwe getir şahalar gülläp,

Guşlar gök asmanda uçar pel-pelläp,

Owlaklar daglarda oýnar bökjekläp,

Ülkäme hoşgylaw bahar gelende.

 

Çeşmeler şybyrdap owadan sesli

akar, ugurlary belentli pesli,

Suratçylar çeker bu ajap keşbi,

Ülkäme hoşgylaw bahar gelende.

 

Çal bulut asmanyň tutar ýüzüni,

Ýagar ýagyş çyglap dagu-düzüni,

Diýseň bagtly saýýan menem özümi,

Ülkäme hoşgylaw bahar gelende.

 

Serdar Nutyýew.

  • 89
  • 03.03.2021