MAKALA

Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri çekildi

26-njy fewralda UEFA-nyň Nýondaky edara binasynda Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri çekildi. «Mançester Ýunaýted» — «Milan» duşuşygy tapgyryň merkezi oýunlarynyň biri bolar.

Bije çekişligiň netijeleri UEFA-nyň resmi saýtynda neşir edildi:

«Aýaks» (Niderlandlar) — «Ýang Boýz» (Şweýsariýa);

«Dinamo» (Kiýew, Ukraina) — «Willýareal» (Ispaniýa);

«Roma» (Italiýa) — «Şahtýor» (Ukraina);

«Olimpiakos» (Gresiýa) — «Arsenal» (Angliýa);

«Dinamo» (Zagreb, Horwatiýa) — «Tottenhem Hotspur» (Angliýa);

«Mançester Ýunaýted » (Angliýa) — «Milan» (Italiýa);

«Slawiýa» (Praga, Çehiýa) — «Reýnjers» (Şotlandiýa);

«Granada» (Ispaniýa) — «Molde» (Norwegiýa).

Ýewropa ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň birinji duşuşyklary 11-nji martda, jogap oýunlary 18-nji martda oýnalar. Çärýek final we ýarym final bijeleri 19-njy martda çekiler.

 

turkmenportal.com

  • 85
  • 03.03.2021