MAKALA

Ösümlikli sütün

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň toýlanjak ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň nyşanynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan derek agajynyň şekili ýerleşdirilen. Derek agajy özüniň berkligi bilen beýleki agaçlardan tapawutlanýar. Şonuň üçin onuň ýetişenleri gurluşyk işlerinde giňden ulanylýar. Derek ýapraklarynyň howadaky zyýanly bölejikleri ýok edýändigi hem-de kömürturşy gazy özüne köp siňdirip, howany arassalamaga uly kömek edýändigi bilen tapawutlanýar. Syrdam derek agajy abadançylygyň hem-de agzybirligiň nyşany hasaplanýar.

Bambuk agajy her gije-gündizde 90 santimetre çenli ösýär.

Dub, sosna, arça agaçlaryny, köplenç, ýyldyrym urýar. Derek agajyny bolsa hiç wagt ýyldyrym urmaýar.

Latyn Amerikasynda dürli görnüşli ösümlikler gabat gelýär. Tebigatyň şeýle gözellikleriniň biri hem hemişe täsin öwüsýän žakaranda bagydyr. Häzir bu baglaryň 50-den gowrak görnüşi mälimdir. Žakarandanyň ady guarani halkynyň dilinden gelip çykýar we «ýakymly ysly» diýen manyny berýär.

Braziliýada süýt agajy bar. Şol agaja tyg degirseň, süýt syzylyp başlaýar. Ondan her gezekde 4 litre çenli süýt alyp bolýar. Ony suwa garyp, gaýnadyp içýärler.

Polineziýada ysmanak agajy ösýär. Onuň ýapraklaryny iýmit üçin ulanýarlar.

Özüniň täsinligi bilen tapawutlanýan ösümlikleriň biri hem Awstraliýa yklymynda ösýän karri agajydyr. Karri seýrek gabat gelýän agaç bolup, ol diňe Awstraliýanyň günbatarynda ösüp ýetişýär. Güýçli ýagynlardan soň gülleýän, uzynlygy 80 metre ýetýän, berk we galyň töňňeleri bilen tapawutlanýan karriler mebel önümçiliginde we gurluşykda giňden peýdalanylýar.

Antirrinum dünýäniň meşhur gülleriniň biri. Aslynda, häzirki wagtda «ýolbars arryldysy» ady dakylan bu ösümligiň 50-den gowrak görnüşi tapawutlandyrylýar. Antirrinum, adatça, Ýer togalagynyň ýyly ýerlerinde ösüp ýetişýär. Ol Demirgazyk Amerikanyň günortasynda has-da giň ýaýrandyr. GDA döwletleriniň çäginde hem antirrinum ösümliginiň bezeg hökmünde giňden peýdalanylýandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Watany Täze Gwineýa hasaplanýan, tebigatyň täsin agaçlarynyň biri hem çörek agajydyr. Bu agajyň miweleri uzak wagtyň dowamynda Täze Gwineýanyň ýerli halky üçin çöregiň ornuny tutupdyr. Olar agajyň özboluşly miwelerinden dürli görnüşli tagamlardyr işdäaçarlary taýýarlapdyrlar. Bu agaç dünýä halklaryna XVII asyryň ahyrynda Wilýam Dampir tarapyndan tanyşdyrylýar. Täsin agajyň beýikligi 20-26 metre ýetip bilýär. Olar tiz ösýärler. Ösýän ýeriniň klimatyna görä, agaçlaryň ýapraklaryny düşürýän wagtlary hem bolýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Kanunmyrat Hallyýew,

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

«Türkmen dünýäsi» gazeti.

  • 62
  • 04.03.2021